Mohamed Salah Angliýada ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Mohamed Salah Angliýada ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

“Liwerpulyň” müsürli hüjümçisi Mohamed Salah Futbol žurnalistleriniň assosiasiýasynyň (FWA) wersiýasyna görä, Angliýanyň futbolynda 2021/22-möwsüminiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Žurnalistleriň pikir soraşmasynda Salah 48% ses alyp, “Mançester Sitiniň” ýarym goragçysy Kewin de Brýoýne bilen “West Hemiň” hawbeki Deklan Raýsdan öňe geçdi. Olar pikir soraşmada ikinji we üçünji orunlary eýelediler.

FWA Salahy 2018-nji ýylda-da iň gowy oýunçy diýip saýlapdy. Häzirki möwsümde Salah “Liwerpul” üçin dürli ýaryşlarda 44 oýunda 30 gol girizip, 14 netijeli geçirim etdi.

Zenanlaryň arasyndaky futbolda ýylyň iň gowy oýunçysy “Çelsiniň” hüjümçisi Sem Kerr boldy. Salaha we Kerre baýraklar 5-nji maýda gowşurylar.

Žurnalistleriň wersiýasyna görä Angliýanyň futbolynda ýylyň iň gowy oýunçysy üçin baýrak 1947/48-möwsüminden bäri berilýär. Geçen möwsümde ony “Mançester Sitiniň” goragçysy Ruben Diaş aldy.

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
… we “Altyn top” baýragynyň eýesi Karim Benzema
100-nji, 200-nji hem-de 300-nji duşuşygynda gol geçiren 2-nji futbolçy boldy
Salahyň taryhy het-trigi, “Napoli” 2-nji tapgyrda
2023-nji ýylyň iň köp pul gazanan futbolçylary, Ronaldo ep-esli girdeji bilen öňde barýar
Iň köp asist eden goragçy