Möwsümiň ahyrynda “Barselonadan” ýedi oýunçy gider

Möwsümiň ahyrynda “Barselonadan” ýedi oýunçy gider

Barselona tomusky transfer penjiresinde azyndan ýedi oýunçy bilen hoşlaşmagy meýilleşdirýär diýip, metaratings.ru habar berýär.

Umuman, tomusda klubda 14 töweregi oýunçy çalşyrylyp bilner. Ýöne häzir indiki transfer penjiresinde klubdan gitjek ýedi oýunçynyň ady eýýäm belli.Bu sanawda Neto, Samuel Umtiti, Junior Firpo, Miralem Pýaniç, Mateus Fernandes, Martin Breýtueýt, Filipe Koutinýo bar.

Tomus möwsüminde katalon kluby geljekki satyn alyşlar üçin aýlyk sanawnamasyny boşatmak isleýär. Öň “Barselonanyň” tomusky transfer penjiresinde esasy maksadynyň Erling Holandy satyn almakdygy we munuň üçin klubuň hatda Lionel Messi bilen şertnamanyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwrüp biljekdigi habar berildi.

Ispaniýanyň çempionatynyň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda “Barselona” (76 utuk) üçünji orunda ýerleşýär.Ondan ýokarda “Atletiko” (80 utuk) we “Real” (78 utuk) bar.

Ýene degişli makalalar

Italýan klublarynyň täze transferleri
Türkmen dzýudoçylary Warşawa şäherinde geçirilen halkara bäsleşikde 2 medala mynasyp boldular
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda deslapky oýunlar geçirildi
Türkmenistan we Singapur köp ugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Nigeriýada zamun alynan talyplar azat edildi
Şwesiýaly biatlonçylar Dünýä çempionatynyň Çehiýadaky tapgyrynda singl-miksde ýeňiji boldular