Formula 1 dünýä çempionatynyň 7-nji ýaryşy Kanadanyň Monreal şäherindäki Žill Willnýow trassasynda geçirilip, onda “Mersedesiň” britan sürüjisi Lewis Hamilton ilkinji hatardan bat aldy.Karýerasy boýunça 65-nji gezek ýaryşa ilkinji hatardan başlan Hamilton bu ugurda merhum Aýrton Senna bilen deňleşdi.
Mihael Şumaher 68 sapar ýaryşa iň öňde başlap, bu babatda birinjiligi häzirlikçe özünde saklaýar.Netijede, Lewis Hamilton 70 aýlawy başlaýşy ýaly tamamlap, 1 sagat 33 minut 05,154 sekuntda pellehanadan geçmegi başardy.
Beýik britaniýaly sürüji möwsümdäki 3-nji, Kanadadaky 6-njy hem-de karýerasyndaky 56-njy ýeňşini gazandy.Hamiltondan 19,8 sekunt yza galan topardaşy, finlýandiýaly Waltteri Bottas 2-nji, “Red Bulluň” awstraliýaly sürüjisi Daniel Rikkiardo 3-nji orna mynasyp boldy.
Sanawyň lideri Sebastian Wettel 2-nji hatardan ýaryşa başlasa-da, Werstappen bilen kiçeňräk çaknyşykdan soň, mejbury pit-stop etmeli boldy. 18-nji orna çenli düşen Wettel ýaryşy dördünjilik bilen tamamlamagy başardy.
Bu ýaryşdan soň Hamilton 1-nji hatardaky Wettel bilen arasyndaky aratapawudy 12 utuga düşürdi.Wetteliň 141, Hamiltonyň 129 utugy bar.Nobatdaky bäsleşik 25-nji iýunda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda guralar.* * *Moto GP boýunça möwsümiň 7-nji bäsleşigi Ispaniýanyň Barselona şäheriniň adybir trassasynda geçirildi. Ýaryşda 7-nji hatardan bat alan “Yamaha” toparynyň italýan piloty Andrea Dowizioso 25 aýlawy 44 minut 41,518 sekuntda tamamlap, 1-nji orny eýeledi.
Bassyr 2-nji ýeňşini gazanan Dowizioso karýerasy boýunça 4-nji sapar pellehanadan ilkinji bolup geçdi. “Repsol Honda” toparynyň ispan sürüjileri Mark Markes bilen Dani Pedrosa-da 23-nji orunlary paýlaşdylar.
Geçirilen bu bäsleşikden soň, Mawerik Winýales 111 utuk bilen 1-nji, 104 utukly Andrea Dowizioso 2-nji hatarda barýar.Indiki ýaryş 25-nji iýunda Gollandiýada geçiriler.* * *Dünýä Ralli çempionatynyň şu ýylky 7-nji bäsleşigi Italiýa “Gran Prisinde” “MSport” (Ford) toparynyň estoniýaly sürüjisi Odd Tanak ýeňiş gazandy.
Ol 312,66 kilometrlik ýaryşy 3 sagat 25 minut 15,1 sekuntda tamamlap, karýerasyndaky ilkinji ýeňşini baýram etdi. “Toyota Gazoo” toparyndan finlýandiýaly Ýari-Matti Latwala 2-nji, “Hyundai” toparyndan belgiýaly Tierri Noýwill 3-nji orny eýeledi.
Soňky 4 ýylyň çempiony we umumy sanawyň lideri Sebastian Ožie 5-nji ýer bilen kanagatlanmaly boldy.Nobatdaky ýaryş 29-njy iýun 2-nji iýul aralygynda Polşada geçiriler.