Erkek tennisçileriň arasyndaky möwsümiň jemleýji ýaryşy “ATP Finals”-da germaniýaly Aleksandr Zwerew çempion boldy. 21 ýaşyndaky asly rus tennisçi Londonda geçirilen ýaryşyň finalynda serbiýaly Nowak Jokowiç bilen duşuşdy. “O2” arenadaky finalyň 1-nji setinde Zwerew güýçli garşydaşyny 6:4, 2-nji setde-de 6:3 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi.
Bu onuň şu ýaryşdaky ilkinji çempionlygydyr. Şu ýylky 4-nji, umumylykda-da 10-njy kubogyny asmana göteren Zwerew ýaryşyň ýarym finalynda-da Rojer Federerden üstün çykypdy.Sanawyň öňdäki 8 tennisçisiniň gatnaşýan ýaryşynda 1-nji toparçada Nowak Jokowiç (Serbiýa), Alerksandr Zwerew (Germaniýa), Marin Çiliç (Horwatiýa), Jon Izner (ABŞ), 2-nji toparçada-da Rojer Federer (Şweýsariýa), Ken Anderson (Günorta Afrika), Dominik Tim (Awstriýa) hem-de Kei Nişikori (Ýaponiýa) dagy çykyş etdi.
Umumy pul gaznasy 8,5 million dollara deň bolan ýaryşyň ýeňijisine-de 1 million 280 müň dollar berler.Jübütleriň arasynda amerikaly Bob Braýan bilen Jek Sok ikisi fransiýaly tennisçiler — Pier-Ýug Erber bilen Nikola Mahudan 2:1 (5:7, 6:1, 13:11) üstün çykdy.