Möwsümi super jemledi

Tennis boýunça erkekleriň arasyndaky möwsümiň jemleýji ýaryşynda italiýaly Ýannik Sinner ýeňiji boldy.Ol ýurdunyň Turin şäherinde guralan 55-nji “ATP Finals” ýaryşynyň finalynda amerikaly Teýlor Fritsi 2 setde-de 6:4-lik hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Ol toparçada-da Fritsi edil finaldaky ýaly edip ýeňipdi.Bu onuň şu ýaryşdaky ilkinji çempionlygydyr.Galyberse-de, bu onuň şu möwsümdäki 8-nji kubogy, karýerasy boýunça-da 18-nji ATP çempionlygy hökmünde hasaba alyndy.

Sinner soňky 38 ýylda möwsümiň jemleýji ýaryşynda toparçadaky 3 duşuşygynda (Daniil Medwedew 6:3, 6:4; Teýlor Frits 6:4, 6:4; Aleks di Minory 6:3, 64), şol sanda ýarym finalda (Kasper Ruud 6:1, 6:1) hem-de finalda garşydaşlaryny 2 setde ýeňen, başgaça aýdylanda, ýeke setde hem utulman çempionlyk gazanan ilkinji tennisçi diýlip bellige alyndy.

Soňky gezek Iwan Lendl 1986-njy ýylda şeýle statistika bilen çempionlyk gazanypdy.ATP sanawynyň 1-nji belgili tennisçisi Ýannik Sinner geçen ýylam finala çykypdy. Ýöne serbiýaly Nowak Jokowiçden asgyn gelipdi.

Umumy baýrak gaznasy 15 million 250 müň dollara deň bolan ýaryşda Sinner ýeňiji hökmünde 2 million 237 müň 200 dollar pul baýragyna mynasyp boldy. Ýaryşda jübütleriň arasynda germaniýaly Kewin Krawiets bilen Tim Puts ikisi ýeňiş gazanyp, olar finalda salwadorly Marselo Arewalo bilen horwatiýaly Mate Pawiçden 7:6 we 7:6 hasaplar esasynda üstün çykdy. 8 ýaryşda ýeňiji boldy Ýannik şu möwsümde jemi 8 ýaryşda çempion boldy. 14 ýaryşa gatnaşyp, şolaryň 9-synda finalda oýnady.

Ol diňe “Hytaý Açyk” ýaryşynyň finalynda ýeňildi.Sinner “ATP Finals” bäsleşiginden öň 2 “Uly tuwalga” (“Awstraliýa Açyk”, “Amerika Açyk”), 3 “Masters” (“Maýami Açyk”, “Sinsinnati Açyk) hem-de 2 “ATP 500” (“Rotterdam Açyk, “Halle Açyk”) ýaryşynda ýeňiş gazanmagy başardy.

Ol 70 duşuşykda garşydaşlaryndan üstün çykdy.Ol 2016-njy ýylda Endi Mýurreýden soň bu görkezijä ýeten ilkinji tennisçi boldy.Sinner geçiren duşuşyklarynda 92 göterim ýeňiş gazandy.Ol diňe 6 duşuşykda ýeňlişe sezewar boldy.

Sinner geçiren ähli duşuşygynda azyndan 1 setde ýeňiş gazandy.Soňky gezek 2005-nji ýylda Rojer Federer şeýle statistika bilen ýatda galypdy.Ol ilkinji 10-lukda tennisçiler bilen geçiren duşuşygynda 17 gezek ýeňiş gazanyp, 6 oýunda-da utuldy.

Ol Karlos Alkarasdan 3, Daniil Medwedewden, Andreý Rublewden hem-de Stefanos Sisipasdan 1 gezek asgyn geldi. /* custom css */ .td_uid_15_673b2e7a7b229_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673b2e7a7b229_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Daniil Medwedew ATP-niň reýtinginiň başyna geçdi
Russiýaly tennisçi Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi
Monrealdaky Mastersde XX asyrdaky sensasiýa gaýtalandy
Dünýäniň birinji raketkasy Medwedew Meksikadaky ýaryşda ýeňiş gazandy