Möwsümdäki 5-nji ýeňşi

Moto GP boýunça möwsümiň 9-njy ýaryşy Germaniýa “Gran Prisinde” “Honda” toparynyň sürüjisi Mark Markes ýeňiji boldy.Zaksenring trassasynda geçirilen ýaryşda 30 aýlawy 41 minut 08,276 sekuntda geçmegi başaran Markes şu möwsümdäki 5-nji, karýerasyndaky 49-njy ýeňşini gazandy. 26 ýaşly Markes Germaniýa “Gran Prisinde” bassyr 7-nji gezek ýeňiji boldy. “Yamaha” toparynyň ispaniýaly sürüjisi Mawerik Winýales ýeňijiden 4,587 sekunt yza galyp, 2-nji ýeri eýeledi. “Honda” toparynyň britaniýaly sürüjisi Kal Kratçlou 3-nji bolup pellehanadan geçdi.

Umumy sanawda Mark Markes 185 utuk bilen öňdeligini saklaýar.Italiýaly sürüjiler — Andrea Dowizioso (127 utuk) bilen Danilo Petruççi (121 utuk) degişlilikde 2-3-nji hatarda barýarlar.Möwsümiň indiki “Gran Prisi” 4-nji awgustda Çehiýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Petruççiniň ilkinji ýeňşi
Markes arany açýar
Markesiň öňdeligi dowam edýär
Winýalesiň birinji ýeňşi
Markes arany açýar
Birinji orna çykaran ýeňiş