Möwlana bagyşlanan ýörite gepleşik

Möwlana bagyşlanan ýörite gepleşik

Möwlana düşünmek üçin dini pelsepe barasynda söz açmak ýerlik bolar. Möwlananyň pikirleriniň we eserlerinin esasy temasy allaga we allanyň ýaradanlaryna bolan söýgiden ybarat. İne şol sebäpli Möwlananyň pikirleriniň özenini emele getirýän esasy tema alladyr. Pelsepesiniň merkezinde bolsa adamkärçilik durýar we maksady “adamy kämilleşdirmeklik” ýagny dünýewi arzuw-hyýallardan halas bolup, ylahy yşga ýönelmegini ugrukdyrýar.

Möwlananyň pelsepesi az iýmek, az geplemek, az uklamak, nebsiňe höküm etmek, adamlardan gelýän ezýete çydamak, erbet adamlardan daşda durup, gowy adamlar bilen dostlaşmak hökmünde beýan edilip bilner.Möwlananyň pelsepesine görä adamyň bagtlylygy ýönekeý durmuşda ýaşamak we beýleki adamlar bilen dostlaşmak hem-de şükür etmeklik bilen mümkindir.

Dini pelsepe Möwlananyň diňe pikirlerinde däl, eýsem özüni alyp baryşynda-da beýan tapypdyr.Rumi diýsen pespäl adam bolupdyr.Köpçülikden çetde durup, eliniň ogşalmagyndan we özüne sejde edilmeginden diýseň biynjalyk bolar eken.

Ol, adamlara degişli bolan gatlaklaryna görä çemeleşmändir, her bir gatlakdan adamlar bilen pespällik bilen gatnaşypdyr.Möwlananyň şahsyýetine we pikirlerine düşünmek üçin onda uly täsir galdyran Şemsi Töwrizi barasynda-da durup geçmek ýerlikli bolar.

Sebäbi Töwrizi barada söz edilmese Möwlana barasynda aýdylanlar ýeterlik bolman biler.Möwlananyň adaty durmuşyny üýtgeden, oňa joşgunly we buýsançly ruhy baýlygy sowgat eden Şemsi Töwrizi anyk dünýä garaýyşly, zehinli alym we ussat ýolgörkeziji bolupdyr. Şems Möwlana öz göwnündäki dünýewi “men-menligi” çykaryp zyňmagyny, nebsinden saplanmagyny, eýe bolan dünýä nygmatlaryna üns bermän, isleglerinden ýüz öwürmegini öwredipdir. Şemsi Töwrizi bilen Möwlananyň gabatlaşmaklary iki derýanyň duşuşygy hökmünde häsýetlendirilýär.

Durmuşyny “Hamdym, pişdim, ýandym” sözleri bilen beýan eden Möwlana üçin ölüm, täzeden dogulmak we hakyky durmuşdyr.Möwlananyň pikiriçe adam dünýä inmezinden ozal ruhy azat we bagtly durmuşda ýaşaýan bolsa, bu dünýä gelip, tenine ýesir bolýar.

Ruhy bedenini terk edende, ýagny dünýäden ötende, söýgülisine, ýaradanyna gowuşjakdygyna ynanypdyr Rumy. İne şol sebäpli ölüm gorkul däl, baky hakykat bolan alla bilen duşuşmaklyk we baky durmuşa gowuşmaklykdyr. İne şol sebäpli Möwlana ýogalan gününi “doglan güni” ýa-da söýgüli bilen duşuşyk pursady manysyny aňladýan “Şebi Arus” atlandyrypdyr we dostlaryna dünýäden ötenden soň gynanmazlyklaryny wesýet edipdir.

Möwlananyň aradan çykmagyndan soň Anadolyda ogly tarapyndan “Möwlewilik” atly tarikat döredilipdir. “Möwlewilik” Osman döwleti gurlandan soň Anadolyda ýaýbaňlaşýar we döwlet tarapyndan hemaýat edilýär.Mesnewi medreselerde mejbury ders hökmünde okadylypdyr.

Möwlewileriň “Sema” ybadaty medeni mirasyň goralyp saklanmagy maksady bilen 2005-nji ýylda UNESKO tarapyndan Adamzadyň Edebi we konkret däl mirasynyň Naýbaşysy yglan edilýär.Möwlana Jelaleddin Rumy 800 ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan saçýan şöhlesi, pikirleri häzirki zaman adamlarynyň göwnünde tagt gurmaga dowam edýär.

Möwlananyň söýgi we yşk pelesepesi ýaşap geçen döwründen bäri diňe bir türk halkynyň däl, eýsem dürli dinlere uýýan dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekip gelýär.Möwlana meşhur nemes şahyry Gýote, meşhur tans ussady Moris Bežar ýaly köp sanly sungat ussadynda täsir galdyrypdyr we galdyrmaga-da dowam edýär.

Köp sanly alym we ýazyjy, fransuz türkology İrene Melikofyň “Möwlanyň eserlerini dünýä halklary öz dillerine terjime edip okasar dünýäde erbetlik, uruş, öýke-kine, ýigrenç diýilýän zat galmaz” diýilýän pikire goşulýar.

“Şu topraga söýgüden başga tohum ekip bilmeris, şu arassa meýdana başga tohum ekmeris biz” diýen Möwlananyň adamlaryň arasynda söýginiň, pespälligiň, ylalaşygyň üpjün edilmegi barasyn

Ýene degişli makalalar

Möwlana bagyşlanan ýörite gepleşik
Möwlana bagyşlanan ýörite gepleşik
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Möwlana Aradan Çykan Gününiň 748-nji Ýylynda Hatyralanýar
Malaý edebiýaty
Dubaý ýene-de syýahatçylyk rekordyny täzeledi