MÖJEK BILEN TILKINIŇ DOSTLUGY

Ir döwürler möjek bilen tilki dostlaşyp, bile aw edip gezer eken. Günlerde bir gün tilki bir olja tapyp, ony möjege duýdurman çägä gömüp gizleýär. Ertesi tilki möjege handan hat alyp geljekdigini we şol hatda sürülerden goýundyr taýçanaklary alyp iýibermelidigi barada rugsat boljakdygyny aýdýar.

Tilki melgun ýola düşýär we ýerden bir bölek hatly kagyz tapýar-da, ony guýrugyna ýelmäp, möjegiň ýanyna gaýdýar. Aç ýatan möjegiň ýanynda häzir bolan tilki:

− Eý, möjek, men handan hat alyp geldim. Indi islän süriňden goýun ýa-da taý alyp iýip bilersiň − diýýär.

Möjek muny eşiden badyna kagyzy tilkiden alyp, ony guýrugyna ýelmeýär. Meýdanda ylgap barşyna sürüdäki taýçanaklaryň birini tutýar.

Tilki möjege seredip, şeýle diýýär:

− Möjek dost, eti burnumyzdan gelýänçä iýeris.

Biraz wagt geçensoň, mekir tilki burnunyň her demligine bir bölek et dykyp, möjege görkezýär. Möjek tilkä garap:

− Tilki dost, arkaýyn gidiber, galan eti özüm ýalmaryn − diýipdir. Tilki usullyk bilen jeňňellikde gizlenýär. Taýçanagyny aldyran atbakar az salymdan möjegiň üstünden barýar we alabaýlaryny möjegiň üstüne küşgürýär. Gözüniň ody alnan möjek elem-ebtat bolup ýatyşyna:

− Dönük tilki, meniň dostlugymyň haky şumy?! diýip, aldanandygyna düşünýär.

Synalmadyk dost döwülmedik hoz.

Ýene degişli makalalar

Puşkin adyndaky teatrynyň täze oýny maşgala gymmatlyklary barada
Pudaklaýyn žurnalyň täze sanynda ekologiýa medeniýetiniň dürli ugurlary beýan edilýär
Alp Arslan adyndaky drama teatry ýaşajyk tomaşaçylary Täze ýyl ertekisi bilen begendirdi
Gargadan ýeňlen tilki
Gülki bolan tilki
Gadymy ikbaşlar