Möhletinden öň saýlawlar geçirildi

27-nji oktýabrda Ýaponiýada möhletinden öň parlament saýlawlary geçirildi. Konserwatiw liberal-demokratik partiýasy soňky 15 ýylda ilkinji gezek parlamentdäki köplügini ýitirdi. Premýer-ministr Isiba Sigerunyň konserwatiw liberal-demokratik partiýasy 465 orunlyk parlamentde zerur bolan 233 orny alyp bilmedi. Liberal-demokratlar mundan öň konserwatiw “Komeýto” partiýasy bilen bilelikde ýurdy dolandyrýardylar. Dolandyryjy bileleşigiň 181 orny alandygy habar berildi.

Garşydaş Konstitusiýa-demokratik partiýasy parlamentden 148 orun alyp, öňki saýlawlar bilen deňeşdirilende, öz ornuny ep-esli berkitdi. Galan orunlar bolsa, beýleki partiýalara degişli bolup, Ýaponiýa innowasiýa partiýasy 38 orna, Demokratik partiýa bolsa 28 orna eýe boldy.

Pemýer-ministriň partiýasynyň ýurduň parlamentinde köplügi gazanyp bilmezligi hökümetiň işinden çekilmelidigini aňlatmaýar, ýöne partiýanyň öz maksatlaryny parlament arkaly durmuşa geçirilmegini belli bir derejede kynlaşdyrýar we bileleşik boýunça üçünji hyzmatdaşyň zerurlygyny ýüze çykarýar.

Nobatdan daşary parlament saýlawlary liberal-demokratlaryň lideri Sigeru Isibanyň partiýanyň täze başlygy wezipesine geçeninden soň gysga wagtyň içinde geçirildi. Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasy 1955-nji ýylda döredilen gününden bäri hemişe diýen ýaly häkimiýetde boldy. Liberal-demokratlar bilen “Komeýto”-nyň dolandyryjy bileleşigi 2009-njy ýyldan bäri dowam edip gelýär.

Ýene degişli makalalar

Trýudo Kanadanyň Premýer-ministri wezipesinde galmakçydygyny tassyklady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Şawkat Mirziýoýew Gaýtadan Prezidentlige Saýlandy
Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawyndaky ynamly ýeňşi bilen gutlady