Modi: "Taňry meni bir maksat bilen inderdi" diýdi

Modi: "Taňry meni bir maksat bilen inderdi" diýdi

Hindistanyň premýer ministri Narendra Modi ýerli NDTV habar kanalyna beren beýanatynda: "Taňrynyň (Parmatma) meni bir maksat bilen inderilendigime ynanýaryn. Maksada ýetilende wezipäm tamamlanar. Şol sebäpli özümi dolulygyna Taňra bagyş etdim" diýip belledi.

Taňrynyň özüne ýolbeletlik edýändigini aýdan Narendra Modi: "Kartlaryny görkezmeýär. Maňa käbir zatlar etdirýär. Nobatda näme bardygyny soramak üçin Onuň bilen gönüden aragatnaşyga geçip bilemok" diýip beýan etdi.

Oppozisiýadaky Kongres partiýasynyň lideri Rahul Gandhi bolsa Modiniň şol beýanatlary bilen bagly: "Ýönekeý bir adam Modiniň aýdanlaryny aýtsady, edil şol wagt psihiatra ugradylardy" diýip habar berdi.

Hindistanyň premýer ministri Narendra Modi ozal beren beýanatynda bolsa: "Ejem ýaşaýarka biologiki ýagdaýda dünýä gelendigime ynanýardym, emma ejem ýogalanyndan soň başdan geçiren tejribelerimiziň saýasynda Taňry tarapyndan inderelendigime ynandym" diýip aýdypdym.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar
Hindistanyň saýlaw topary partiýalara özüňi alyp barmagyň düzgünlerini ýatlatdy
“Modi, Russiýa-Ukraina Söweşiniň Bes Edilmeginde Esasy Rol Oýnap Biler"
Hindistanda ýerli Premýer-ministre meňzeş adamlar tapyldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Bir guşak, bir ýol forumyna gatnaşdy, Türkmenistanyň we Tatarystanyň hünärmenleri medeni mirasy gorap saklamak we ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we beýleki habarlar
Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagyna Uly Gynanç Bildirilýär