“Modi, Russiýa-Ukraina Söweşiniň Bes Edilmeginde Esasy Rol Oýnap Biler"

“Modi, Russiýa-Ukraina Söweşiniň Bes Edilmeginde Esasy Rol Oýnap Biler"

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde esasy rol oýnap biljekdigini aýtdy.

Zelenskiý “Ze Taýmes of India” gazetine beren beýannamasynda, Modiniň Russiýanyň gepleşik stoluna dolanmagynda uly rol oýnap biljekdigini belledi.

Gepleşikleriň Hindistanda geçirlip bilinjekdigine ünsi çeken Zelenskiý, “Modi, Ukraina söweşiniň bes edilmeginde esasy rol oýnap biler” diýdi.

Hindistan, Günbatarly ýurtlaryň Ukraina goldaw berýän söweşinde Russiýany gönüden tankyt etmekden gaça durýar we söweşiň bes edilmegi üçin ýygy-ýygydan çagyryş berýär.

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi iýul aýynda Russiýa guran saparynyň çäginde Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putine “Gadyrly dostum” diýip ýüzlenipdi.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý, Modiniň Russiýa guran saparyna garşylyk görkezipdi.

Hindistanyň Premýer-ministri Modi awgust aýynda bolsa Ukrainada saparda bolupdy.

Modi bilen Putin soňky gezek Tatarystanda geçirlen BRICS-e agza ýurtlaryň liderler sammitinde duşuşypdy.

Ýene degişli makalalar

Hindistanda musulmanlara garşy diskurslar diskurslar artýar
Hindistanyň saýlaw topary partiýalara özüňi alyp barmagyň düzgünlerini ýatlatdy
Bill Geýts emeli aňyň synjakdygyny çaklaýar
Tramp bilen Modi Ak Tamda duşuşdy
The Tribune: Hindistanyň premýer-ministri Modi 8-nji iýulda Moskwa barar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň we Hindistanyň ýolbaşçylaryny gutlady