Hindistanyň täze saýlanan hökümet başlygy Narendra Modi resmi sapar bilen Russiýa bardy. Bu barada TASS habar berdi.
Modiniň sapary iki gün 8-9-njy iýulda dowam eder. Ol 9-njy iýulda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirer.
Kreml taraplaryň özara gatnaşyklaryň mundan beýläkki ösüşiniň hem-de halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmakçydygyny habar berdi.
Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda Modiniň: Men öz dostum Prezident Wladimir Putin bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de sebit we ählumumy meseleler barada garaýyşlarymyzy paýlaşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn diýen sözleri ýerleşdirdi.