“Moderna” “Pfizer” we “BioNTech” kompaniýalaryna garşy kazyýet işini gozgady

“Moderna” “Pfizer” we “BioNTech” kompaniýalaryna garşy kazyýet işini gozgady

26-njy awgustda ABŞ-nyň “Moderna” kompaniýasy “Pfizer” we “BioNTech” kompaniýalaryna garşy kazyýet işini gozgaýandygyny mälim etdi. “Moderna” garşydaşlaryny koronawirusa garşy sanjymlary öndürmek boýunça öz patent hukuklarynyň bozulmagynda aýyplaýar. Bu barada kompaniýanyň pres-relizine salgylanyp, TASS habar berýär.

“Moderna” “Pfizer” we “BioNTech” kompaniýalarynyň “Comirnaty” atly waksinasy 2010-njy hem-de 2016-njy ýyllarda onuň özüne berlen we “мРНК” tehnologiýasynyň esasynda durýan patentini bozýar diýip hasaplaýar” diýlip, kompaniýanyň beýanatynda bellenilýär. Şoňa görä-de, Massaçusets ştatynyň okrug kazyýetine we Germaniýanyň Dýusseldorf şäheriniň sebitleýin kazyýetine arza talaplary berler.

Kompaniýanyň tassyklamagyna görä, “Pfizer” we “BioNTech” onuň “мРНК” waksinasynyň üstünliginde esasy orny eýeleýän patentleşdirilen tehnologiýalarynyň ikisiniň aýratynlyklaryny göçüripdir. “Haçan-da, COVID-19 peýda bolanynda, “Pfizer” kompaniýasynda-da, “BioNTech” kompaniýasynda-da ýokanç kesellere garşy “Modernanyň” “мРНК” waksinasy ýaly waksinany işläp taýýarlamak tejribesi ýokdy. Şoňa görä-de, olar öz hususy waksiýalaryny işläp taýýarlamakda bilkastlaýyn “Modernanyň” tejribesine eýerdiler” diýlip, pres-relizde nygtalýar.

Muňa garamazdan, koronawirusa garşy sanjymlaryň elýeterliliginiň zerurdygyny göz öňünde tutup, kompaniýa “Comirnaty” enjamynyň bazarlardan aýrylmagy we geljekde onuň satuwyny gadagan etmek bilen bagly kazyýet jogapkärçiligini talap etmäge çalyşmaz.

Ýene degişli makalalar

133 ýyl öň şu gün iň meşhur sportlaryň biri peýda bolýar
Zemin ählumumy howany sazlaýar
Iň köp tomaşa edilen Dünýä Kubogy
1nm çipler öndüriler
Biti aýyrmagyň iň ýeňil we netijeli usullary
Sanly ykdysadyýet kuwwatly ulgam