Modelýer Wýaçeslaw Zaýsew aradan çykdy

Modelýer Wýaçeslaw Zaýsew aradan çykdy

30-njy aprelde meşhur rus modelýer Wýaçeslaw Zaýsew 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy, bu barada "Mash" Telegram-kanaly habar berdi. Çeşmäniň habaryna görä modelýer şu gün aşgazan agyrysy bilen Şelkowo hassahanasyna äkidildi we biraz wagtdan bu ýeriň reanimasiýa bölüminde aradan çykdy.

Wýaçeslaw Zaýsew meşhur rus moda dizaýneri. Russiýanyň Döwlet baýragynyň (1995), Russiýa Federasiýasynyň Halk suratkeşi (2006) baýragynyň eýesi. 2007-2009-njy ýyllarda Russiýanyň 1-nji kanalynda Модный приговор gepleşigini alyp bardy.

2008-nji, 2015-nji ýyllarda Zaýsew Halkara sergilerine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine täze egin-eşik toplumlary bilen gelipdi. Artist öz söhbetdeşliklerinde türkmenleriň milli eşikleriniň owadanlygyna we özboluşlylygyna, türkmen dizaýnerleriniň milli äheňi gündelik durmuş üçin ulanmaga degişli egin-eşiklerine geçirip bilýändigine, haýran galandygyny birnäçe gezek belläp geçipdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Belgorod sebitinde öýler we ulaglar ýandy
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistan Belarus Respublikasy bilen sport boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirer
Türkmen-rus gatnaşyklarynyň 'aýdyňlaşdyrylmaýan' taraplary
Serdar Berdimuhamedow ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi