Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzda serhetleşýän goňşy döwletlerimiziň biri bolan Özbegistan Respublikasy bilen dostdoganlyk gatnaşyklary ýokary depginde ösdürilýär. Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giň gerimde ösdürilmeginde iki doganlyk hem-de goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn tagallalara we şahsy ynanyşmak gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir.
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. Şol ýyldan bäri hem Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Iki döwletiň arasynda geçirilýän yzygiderli duşuşyklar, ýokary derejedäki gepleşikler, maslahatlar oňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, iki doganlyk halkyň taryhy gatnaşyklaryna hem-de ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyna daýanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygy hemişe dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýete eýedir. Häzirki wagtda asyrlaryň dowamynda ýola goýlan bu hoşniýetli däpler mynasyp dowam etdirilip, mazmun taýdan baýlaşdyrylýar.
Türkmenistan Özbegistany iň ýakyn goňşy, serhetdeş döwlet, strategik hyzmatdaş hem ygtybarly dost hasaplaýar.Türkmen we özbek halklaryny diňe bir geografik taýdan ýakynlyk däl, eýsem, taryhy umumylyklar, köpasyrlyk ruhy-medeni däplerdir hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Gadymdan gelýän şol gadyrly gatnaşyklaryň döwletleriň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösdürilmegi bu günki gün ygtybarly binýady emele getirmek bilen, uzak geljek üçin bilelikdäki anyk hereketleri kesgitlemekde daýanç nokady bolup hyzmat edýär.
18-20-nji noýabr aralygynda Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Şeýle-de, 20-21-nji noýabrda Türkmenabat şäherinde Ikinji türkmen-özbek sebitara forumy hem-de özbek harytlarynyň milli sergisi guraldy.
Iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.Energetika, oba hojalygy we beýlei ugurlarda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.Oba hojalygy babatda hyzmatdaşlygy we Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň agrosenagat toplumlarynyň ugry boýunça gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge, şol sanda iki ýurduň bazarlaryna oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň iberilýän möçberlerini artdyrmak we giňeltmek maksady bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem iki döwletiň arasynda senagat kooperasiýasyny ösdürmäge uly üns berilýär we bilelikdäki özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek arkaly uzak möhletli özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmek maksat edinilýär.
Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň üstaşyr mümkinçiliklerini amala aşyrmakda esasy ähmiýeti bolan ulaglar babatdaky netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Iki ýurduň çäklerinden geçýän halkara ulag ýollarynyň bäsleşige ukyplylygyny we özüne çekijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen amatly mümkinçilikler döredilýär.
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda, şeýle hem Özbegistanda halkara derejesinde giňden baýram edilýär. Özbegistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Magtymgulynyň şanly ýubileýiniň Özbegistanda-da baýram edilýändigini nazara alanyňda, türkmen-özbek dostlugynyň mizemezdigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şonuň çäklerinde özbek hem-de türkmen kinematograflarynyň hyzmatdaşlygynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijigiline bagyşlanan çeper film surata düşürildi.
Bu filmiň ilkinji gezek biziň döwletimizde – paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Gorkut ata halkara kinofestiwalynyň çäginde görkezilmegi, şeýle hem bu çeper filmiň festiwalyň baş baýragyna mynasyp bolmagy türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynyň özboluşlylygynyň, mäkämliginiň hem-de berkdiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Begenç WAHYDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.