Miweleriň we gök önümleriň şiresi

Miwe şireleri süýjä we witaminlere, gök önüm şireleri bolsa mineral duzlara baý bolup, olary naharlanmazdan 30-40 minut öň ýa-da 2-3 sagat soň içmeli. Şireleriň hersiniň özüne mahsus ulanyş düzgüni bar.

Nar şiresi Nar şiresi örän ýeňil özleşýär, işdäni açýar, aşgazanyň işini sazlaýar, ganda gemoglobini köpeldýär.Buşukdyryjy, öt çykaryjy häsiýeti bolup, sowuklama, zäherlenmä garşy täsirli.Adatça ony käşir, şugundyr şiresi bilen ulanmak maslahat berilýär.

Nar şiresinde aşgazanyň nemli bardasyny gyjyndyrýan we diş syrçalaryny zaýalaýan turşular köp. Şonuň üçin ony suwa garyp içmek maslahat berilýär. Ýokary turşulykly aşgazan kesellerinde, baş kesellerinde, aşgazanasty mäziň sowuklamasynda içmek maslahat berilmeýär.

Kelem şiresi Düzüminde ýeňil özleşýän uglewodlar, C, PP witaminleri, foliý turşusy we aminokislotalar, kaliniň, natriniň, kalsiniň, demriň duzlary bolup, baş kesellerine garşy täsiri üýtgeşik madda-U witamini tapyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýyly görnüşde aşgazanyň we on iki barmak içegäniň başynyň öňüni alyjy serişde hökmünde ulanylýar.

Agyz boşlugynyň sowuklama kesellerinde ýap-ýaňy sykylyp alnan kelem şiresini biraz ýyladyp, agzyňy çaýkamak maslahat berilýär.Uglewodlaryň ýaglara öwrülmegini haýýalladýandygy üçin semizlikde ulanylýar.Günüň dowamynda birnäçe gezek nahardan 30 minut öň içmeli.

Nemli barda bitiriji täsir edýändigine seretmezden, kelem şiresi aşgazan kesellerinde, başyň ýitileşen döwründe içilmese gowy.Agyry köşeşip, syrkaw gutulyp ugran döwründe welin ol ýerini çalşyp bolmajak serişdä öwrülýär.

Alma şiresi Alma şiresi C we P1 witaminlere baý bolup, düzüminde kaliniň, kalsiniň, demriň, misiň, marganesiň, kobaltyň, sinkiň, nikeliň duzlary bar.Damarlaryň gatamasynda (Ateroskrozda), bagryň, böwregiň, peşew haltasynyň hassalyklarynda, daşly peşew keselinde ulanylýar.

Alma şiresindäki we maňzyndaky pektin içegäniň işini kadalaşdyrýar.Düzüminde süýjiniň we organiki turşularyň köp bolmagy ony uly fiziki agram salnandan soň bedeni çalt dikeltmekde deňsiz-taýsyz serişdä öwürýär.

Bu içgi bir gije-gündiziň dowamynda 1 litre çenli içilende saglyga zyýan ýetirmeýär.Täze alma şiresini aşgazan keselleriniň, başyň, aşgazanasty mäziň keselleriniň ýitileşmelerinde ulanmak maslahat berilmeýär. Üzüm şiresi Düzüminde köp möçberde süýji we kaliý bar.

Nerw ulgamy gowşanda, beden gurpdan gaçanda ulanmak maslahat berilýär. Üzümiň garamtyl görnüşleriniň şiresinde ýürek keselleriniň döremek howpuny azaldýan maddalar bar.Yzygiderli içilende damarlarda holesterin azalýar, gan basyşy peselýär. Üzüm şiresi bakteriýa garşy, buşukdyryjy, iç sürüji, derlediji, gakylyk goparyjy häsiýetlere eýe.

Täze sykylyp alnan şiräni bejeriş maksady bilen 3 hepdäniň dowamynda her gün 3 gezek ýarym bulgurdan içmeli.Ulanmazdan öň suw bilen des-deň (1:1) möçberde garmaly. Üzüm ýokary turşulykly gastritde, aşgazanyň we on iki barmak içegäniň basyşynda, süýjikeselde, semizlikde, öýkeniň dowamly sowuklama kesellerinde, şeýle hem meteorizmde (içiň ýellenmegi) içmek maslahat berilýär.

Käşir şiresi Ýap-ýaňy sykylyp alnan käşir şiresi gök önüm şireleriniň naýbaşysydyr.Ol aýratynda, immun ulgamy gowşak çagalar, uly ýaşlylar, derisi aýratyn garaşyk etmegi talap edýän adamlar üçin peýdaly.

Sebäbi düzüminde beta-karotyň B topara degişli witaminler, kaliý, kalsiý, kobalt we beýleki mineral maddalar bar.Beta-karotin göz üçin peýdaly. Ýöne onuň gowy özleşmegi üçin şire içilen dessine ýagly azyk önümini, iň gowusy, ösümlik ýagy garylan işdäaçar iýmeli.

Käşir şiresini aşa köp mukdarda içmegiň zyýanlydygyny hem unutmaly däl.Sebäbi, düzüminde agdyklyk edýän beta-karotin bagra artykmaç agram salýar, meňziň saralmagyna getirýär.Bir günde ýarym litrden köp käşir şiresini içmek maslahat berilmeýär.

Onuň düzümindäki zerur elementler bilen bedeni üpjün etmek üçin bu içginiň ýarym bulgury ýeterlik.Içgeçmede we aşgazan başy beterleşende täze sykylyp alnan käşir şiresini içmek maslahat berilmeýär.Pomidor şiresi Aşgazan-içege ulgamynyň işine oňyn täsir edýär, howply täze döremeleriň döremek howpuny azaldýar.

Göwreli we çaga emdirýän zenanlar üçin örän peýdaly.Pes kaloriýaly bu içgi bedeniň agramyny artdyrmaýar.Täze taýýarlanan pomidor şiresinde içegedäki turşama we çüýreme hadysalaryny gowşadýan güýçli täsirli fitonsitler bar.

Bu içgini nahardan 20-30 minut öň içmeli, sebäbi ol içegäniň we aşgazanyň iýmit siňdirişe taýýarlygyny ýokarlandyrýar.Duz onuň bejeriji täsirini peseldýär. Şonuň üçin duza derek maýdaja dogralan sarymsak, ukrop, petruşka, kinza ýaly gök otlary goşmaly.

Pomidor şiresini gastritiň (aşgazan kesellerinde), baş keselleriniň, holesistitiň (öt haltasynyň çişmegi) beterleşmelerinde içmek maslahat berilmeýär.Guwanç Saparow, Aşgabat şäher hassahanasynyň bölüm müdiri.

Ýene degişli makalalar

Miweleriň we gök önümleriň şiresi
ÇARY ÖWWÄÝEWIŇ NATÝURMORT ESERLERI
Döwlet Baştutanymyz nobatdaky ýaşaýyş jaý...
Döwlet Baştutanymyz nobatdaky ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşyna gatnaşdy
Hasyl toýy: türkmen daýhanlarynyň zähmetiniň şanyna dabaralar
Türkiýäniň Üzüm eksporty 36 Göterim Artdy