Häzirki wagtda sanlylaşdyrmagyň durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň binýady bolup hyzmat edýändigi aýdyň hakykatdyr. Sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň, aýratyn-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanda
20192025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär.
Öňdebaryjy tehnologiýalar biziň gündelik durmuşymyza berk ornaşmak bilen, zähmeti guramagyň usullaryny, bilim we dynç almagyň görnüşlerini özgerdýär.Türkmenistan dünýäniň ösen tejribesini öwrenip we ornaşdyryp, sanly ulgama geçmegiň öz nusgasyny, ýagny diňe bir taýýar çözgütleriň hem-de nou-haularyň importyna däl, eýsem, öz ylmy-tehnologik, aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary häzirki wagtda okgunly ösüşe eýe bolup, muňa şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyň göz ýetirmek mümkin boldy.
Türkmenistanda dürli ulgamlarda sanly ykdysadyýetiň düzümleri üstünlikli hereket edýär. Şeýle hem sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda dünýä tejribesiniň iň oňyn taraplary öwrenilýär.
Sanly ykdysadyýet bu önümçiligiň möhüm guraly bolan sanly görnüşdäki maglumatlar bolup, olaryň köp möçberlerde işlenilmegi we seljermeleriň netijeleriniň peýdalanylmagy hojalygy ýöretmegiň däp bolan görnüşleri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň, tehnologiýalaryň işjeňligini artdyrmaga, harytlary ýerleşdirmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegi döwlet dolandyryşynyň, maliýe ulgamynyň, lomaý we bölek söwdanyň, jemagat, şahsy we durmuş hyzmatlarynyň ösmegi bilen baglydyr. Munuň özi dürli pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga itergi berýär, işewürlik we telekeçiler üçin täze mümkinçilikleri döredýär, dünýä bazarlaryna çykmagyň täze ýollaryny açýar.
Dünýäniň birnäçe döwletlerinde ykdysadyýetiň sanly bölegini ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysady ösüşi üpjün etmekde sanly ulgamyň nähili derejede möhüm bolup durýandygyny aýdyňlygy bilen ýüze çykarýar.Täze şertlerde sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak ýurduň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornunyň pugtalanmagyna, bäsdeşlige ukyplylygyna we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berer.
Dünýäde sanly ykdysadyýet boýunça ABŞ, Hytaý, Germaniýa, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa ýaly döwletler öňdeligi eýeleýär.Sanly ykdysadyýetiň möhüm tehnologiýalarynyň birnäçesi (öňdebaryjy maglumatlar, energiýa çeşmeleriniň saklanýan ýerleri, robot tehnikasy we awtonom (özbaşdak) ulgamlar, regeneratiw lukmançylyk, sintetik biologiýa we beýlekiler) degişli guramalar tarapyndan kesgitlenilýär.
Senagat 4.0 düşünjesi häzirki zaman akylly tehnologiýalary we interneti peýdalanyp, ýönekeý üznüksiz önümçiligi hem-de onda toplanan tejribeleri dowam etdirip, üznüksiz önümçilige giň gerim bilen geçmek we bu ugurda düýpli özgertmeleri alyp barmakdyr. Bu düşünje integrasiýany we awtomatizasiýany ýokarlandyrýar, aragatnaşyk ulgamyny hem-de öz-özüňe gözegçilik etmegi kämilleşdirýär.
Mälim bolşy ýaly, ulag-kommunikasiýalar toplumy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegidir. Onuň ösüş depgini köp babatda tutuş ýurduň ösüşini kesgitleýär. Ähli ugurlar boýunça öz wagtynda, ýokary hilli hyzmat etmek wezipesi öňünde goýlan ýük we ýolagçy daşamak hyzmaty, öz gezeginde, ulag ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegini emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag-kommunikasiýalar toplumyny sanlylaşdyrmak ugrunda giň tagallalar edilýär.
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy şygary astynda geçýän şu ýyl ulag ulgamyndaky möhüm taslamanyň amala aşyrylmagyna beslendi. 17-nji aprelde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary bölegi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şeýle-de, howa ulagy babatda halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Çünki raýat awiasiýasy ulgamynda daşary ykdysady gatnaşyklar dürli ýurtlar bilen halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň 50-den gowragy esasynda amala aşyrylýar.
Demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem hormatly Prezidentimiziň ulag-kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde goýýan wezipeleriniň hataryndadyr. Şeýle-de, Garaşsyzlyk ýyllarynda deňiz we derýa ulaglary infrastrukturasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilip, ýük daşamagyň, ýolagçy gatnatmagyň möçberi artdy. Portlaryň, port hojalygynyň ösdürilmegi dowam etdirilip, Hazar deňzinde howpsuzlyga we nawigasiýa döwlet gözegçiligi kämilleşdirildi.
Ýeri gelende bellesek, 12-nji iýulda şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyryp durmagyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryndadygyny belledi. Şu jähetden, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenaragatnaşyk agentliginiň ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenilendigini bellemelidiris.
Agentlige ýüklenen wezipeleriň çäklerinde ýerli hem öýjükli telefon aragatnaşygy, internet, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, emeli hemra aragatnaşygy, milli teleradioýaýlymlar, hünärmenleri taýýarlamak ugurlary boýunça işler durmuşa geçirilýär.
Umuman aýdylanda, ulag-aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek babatda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny aýdyň tassyklaýar.
Ýazmyrat Atdaýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, ýaş alym.