Käbir miwedir bakja önümleriniň kesileninden soňra garalýandygyny hemmämiz bilýäris.Bagdan ýere gaçan ýa-da haýsydyr bir urga sezewar bolan miwäniň hem garalýandygyny görendiris.Eýsem, munuň sebäbi nämekä?!
Bu ýagdaý olaryň öýjüklerinde müňlerçe ereýän fermentiň bolmagy bilen baglydyr.Ereýän fermentler öýjükleriň janly bolmagyny gazanýarlar.Miwe we bakja önümleriniň kesilmegi netijesinde, reňkiniň üýtgemegi bolsa, ereýän fermentleriň biri hasaplanýan polifenol oksidaz sebäplidir.
Gysgaça PPO diýlip atlandyrylýan bu ferment howadaky kislorody alyp, miwäniň düzümindäki tanin atly himiki madda bilen täsirleşme geçmegini gazanýar.Bu täsirleşme onuň reňkini üýtgedýär.
Miwäniň kesilen ýerindäki öýjükler bölünýärler. Ol ýerlerdäki PPO fermentleri howadaky kislorody özüne çekip, edil demriň poslamagynda bolşy ýaly, reňkini üýtgedýärler. Şahadan ýere gaçan miwelerde hem şeýle ýagdaý bolýar.
Eýsem, miwedir bakja önümleriniň garalmagynyň öňüni alyp bolýarmy?! Miwäni ýa-da gök önümi keseniňden soňra ony suwa salmaly. Şeýlelikde, onuň howa bilen baglanyşygy kesilýär. Olar suwdan çykarylandan soňra garalyp başlaýarlar.
Ýene bir usulda C witamininden peýdalanylýar. Düzüminde has köp C witamini bolan limonyň suwuny kesilen ýere damdyrmak ýeterlik. Şeýlelikde, onuň garalmagy gijikdirilýär. Şol sebäpli köp restoranlarda, garbanyşhanalarda we şuňa meňzeş beýleki ýerlerde gabygy artylan miwedir bakja önümleri limon suwuna ýatyrylýar.
Miwäniň garalmagynyň öňüni almagyň ýene bir usuly bar. Islendik ereýän fermentler 75 dereje gyzgynlykdan ýokarda öz täsirini ýitirýär. Ýagny miwäni gyzdyrmak ýa-da gaýnatmak hem onuň reňkiniň üýtgemeginiň öňüni alýar.
Sitrus miwelerinde bolsa, şeýle fermentleriň ýoklugy sebäpli, olaryň reňki kesilen halatynda hem üýtgemeýär.