“Mitsubishi” elektroulag öndürer

Elektrik energiýasy bilen işleýän ulag öndürýän kompaniýalaryň biri bolan “Mitsubishi” bu bazardaky ornuny berkidýär. Ýapon kompaniýasy “Mitsubishi Airtrek” atly ulagynyň ilkinji suratlaryny ýaýratdy.Bu ulag kompaniýanyň dördünji elektrik ulagy hökmünde orun alar.

Häzirki wagtda ýapon brendi “Outlander” hem-de “Eclipse Cross” atly gibrid SUV ulaglaryny öndürýär.Täze awtoulagyň öň tarapy X görnüşinde bolup, örtülen optika laýyk gelýän “Dynamic Shield” dizaýnda ýasaldy.

Düýn öz işine başlan Şanhaý halkara awtoulag sergisinde bu barada jikme-jik maglumat berildi.Täze elektroulagyň GAC (Global Assambleýanyň Keşi) hytaý konserni bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülendigi mälimdir.Kompaniýalar bilelikde täze önüm öndürmegi hem meýilleşdirýärler. “Mitsubishi Airtrek” elektrik awtoulagy şu ýylda ilki bilen Hytaý bazaryna çykarar.

The post “Mitsubishi” elektroulag öndürer appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy giňeldilýär
Mitsubishi Pajero öndürýän zawod indi hajathana kagyzyny çykaryp başlar
Dünýä  Belli Markalar Elektrik Togy Bilen Ulag Üçin Bilelikde Maýa Goýarlar
Türkmen ilçisi Ýaponiýanyň daşary işler ministrliginde kabul edildi
2030-njy ýyla çenli Nissan-yň Ýewropadaky satuwynyň 80%-i elektromobilleriň we gibridleriň paýyna düşer
Türkmenistanda,Gazturbinaly elektrik stansiýasya gurulmak
Lebap welaýatynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy açyldy