ABŞ-nyň günortasyndaky Missisipi derýasynyň akymy “Ida” tupany sebäpli ugruny üýtgetdi. Bu barada Geologiýa gullugyna salgylanyp, CNN teleýaýlymy habar berýär. Muny REGNUM habarlar agentligi ýetirýär.
Dördünji derejeli tupan ABŞ-nyň Gündogar kenarynyň wagty boýunça günortandan soň Luiziana ştatynda Meksika aýlagynyň kenarynda boldy.Bu hadysa köp mukdarda deňiz suwunyň çykmagy bilen utgaşdy, netijede Missisipiniň derejesi azyndan 2,1 m ýokary galdy.
Güýçli ýel ştatyň günorta-gündogarynda derýa akymynyň ugruny üýtgetmegine sebäp boldy. Ştatyň iň uly şäheri bolan Täze Orleanyň töwereginde derýanyň, takmynan, 1,5 m/s tizlik bilen tersine akandygy bellenilýär.
Amerikan telekompaniýalarynyň görkezýän kadrlaryna görä, “Ida” tupany eýýäm birnäçe weýrançylyga getirdi. Güýçli ýel agaçlary düýbünden goparýar, jaýlaryň üçegini aýyrýar, elektrik geçiriji simleri üzýär. Soňky maglumatlar boýunça, Luizianada 450 müň töweregi sarp ediji elektrik energiýasyz galdy.
Tupanyň çägindäki ýeliň tizligi 58 m/s-e ýetýär, ol sagatda 16 km tizlik bilen demirgazyk-günbatara tarap hereket edýär. Pida bolanlar ýa-da zyýan çekenler barada heniz maglumat ýok.
Luiziana ştaty we onuň iň gür ilatly şäheri Täze Orlean 2005-nji ýylyň awgustynda ABŞ-nyň günorta-gündogarynda “Katrina” tupany bolanda hem şeýle weýrançylygy başdan geçiripdi. Resmi maglumatlara görä, tebigy betbagtçylyk sebäpli 1,8 müňden gowrak adam ýogaldy. Şonda iň uly zyýan Täze Orleana ýetdi, şäher meýdanynyň, takmynan, 80%-i suw astynda galdy.