Mişlen ýolbeledi iň arzan restoranlary bolan şäherdir ýurtlary anyklady

Täze barlaglarda arzan nyrhdan Mişlen ýyldyzly restoranlarda iýip-içmek üçin iň gowy şäherdir ýurtlary anyklandy. Bu barada “DailyMail” habar berdi.

“John Lewis Finance” kompaniýasy Mişlen ýolbeledi arkaly 16 müň restorany seljerip, myhmanlaryň ortaça, 35 ýewro kämil günortanlyk nahar edinmegi üçin oňaýlylaryny anykaldy.

Ýolbelet diňe Mişlen ýyldyzlary bilen bellige alnan restoranlary däl, eýsem, “Green Star” we “Bib Gourmand” ýaly beýleki abraýly baýraklara mynasyp bolanlary hem hasaba alypdyr.

Arzan Mişlen restoranlary bolan şäherleriň sanawynda Tokio bilen Seul öňe saýlanýar. Olaryň her birinde baha we hil babatda gowy bolan onlarça restoranlar bar. Ýurtlar barada aýdylanda, barlaglar ýeňiji hökmünde Italiýany saýlady. Iň arzan Mişlen ýyldyzly restoranlary bolan ýurtlaryň ilkinji onlugy şulardan ybarat:

Italiýa (230 restoran);

Ýaponiýa (177 restoran);

Singapur (150 restoran);

Fransiýa (140 restoran);

Tailand (125 restoran);

Ispaniýa (118 restoran);

Taýwan (113 restoran);

ABŞ (80 restoran);

Germaniýa (68 restoran);

Hytaý (66 restoran).

Iň arzan Mişlen ýyldyzly restoranlary bolan şäherleriň sanawy bolsa şulardan ybarat:

Tokio, Ýaponiýa (77 restoran);

Seul, Günorta Koreýa (59 restoran);

Osaka, Ýaponiýa (46 restoran);

Bangkok, Tailand (43 restoran);

Kioto, Ýaponiýa (40 restoran) we Taýbeý, Taýwan (40 restoran);

Taýnan, Taýwan (35 restoran);

Guançžou, Hytaý (24 restoran);

Jorjtaun, Malaýziýa (23 restoran);

Taýçžun, Taýwan (22 restoran).

Ýene degişli makalalar

Green Card DV-2026 lotereýasyna gatnaşmaga goýberilmejek ýurtlaryň sanawy mälim edildi
Dünýäniň iň çalt lifti
1-nji oktýabr halkara kofe güni
Sýamende 19-njy kitap ýarmarkasy açyldy
Taýwan Adasynyň Etrabynda Hytaýa Degişli Harby Howa Ulaglary Uçýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny