Mirziýoýew Serhetlerden Şahsyýetnama Bilen Geçilmegini Teklip Etdi

Mirziýoýew Serhetlerden Şahsyýetnama Bilen Geçilmegini Teklip Etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Orta Aziýa döwletleriniň arasynda serhetlerden şahsyýetnama bilen geçilmegini teklip etdi.

Astanada geçirlen Orta Aziýa ýurtlarynyň döwlet Ýolbaşçylarynyň VI maslahatyna gatnaşan Mirziýoýew, syýahatçylygyň sebitleýin hyzmatdaşlyga itergi berjekdigine ünsi çekdi.

Prezident Mirziýoýew, “Bir gezelenç-tutuş sebit” ýörelgesine laýyklykda syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegini teklip etdi.

Özbegistanyň Prezidenti, soňky 6 ýylda Orta Aziýa döwletleriniň käbir kynçylyklaryň çözülmegi meselesinde arkalaşykly hereket edýändigini, söwda, maýa goýum, syýahatçylyk ýaly ugurlarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalara laýyklykda serhetlerden şahsyýetnama bilen geçilmeginiň möhümdigini belledi.

2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Gyrgyzstan bilen Özbegistanyň arasynda şuňa muňzeş ulgama geçildi. Iki ýurduň raýatlary pasportlaryň ýerine şahsyýetnamalary bilen serhetden geçýär.

Ýene degişli makalalar

Terrorçylar Pakistanyň Belujistan Welaýatynda Awtobusy Duzaga Düşürip, 7 Adamy Öldürdi
TUSAŞ-a Hüjüm Guran Terrorçylardan Biriniň Şahsyýeti Anyklandy
TÄZE KITAPLAR
Günbatar Frakiýada türk gonamçylygyna hüjüm gualdy
El çarpylýan ýygnaklar, medallar 'SSSR-i ýykan däpleri dowam etdirýär'
Mekdepler 'galplyk ojagyna' öwrüldi, çagalara jogapkärçiliksizlik öwredilýär