Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde geçirilen Moto GP boýunça möwsümiň 12-nji ýaryşynda “Suzuki Ecstar” toparynyň ispan sürüjisi Žoan Mir ýeňiji boldy.Ol şäherdäki Rikardo Tormonyň adyny göterýän trassada geçirilen 27 aýlawlyk bäsleşigi 46 minut 27,787 sekuntda tamamlap, karýerasyndaky ilkinji ýeňşini gazandy. 5-nji hatardan bat alan Mir 17-nji aýlawda 1-nji ýere geçip, ýaryş tamamlanýança-da ornuny saklamagy başardy. Şunlukda, 23 ýaşly Mir şu möwsümde ýeňiş gazanan 9-njy sürüji boldy.
Ýaryşda Miriň topardaşy hem watandaşy Aleks Rins 2-nji ýeri eýeledi. Ol ýeňijiden 0,651 sekunt yz galdy. 1982-nji ýyldan soň, “Suzuki Ecstar” toparynyň sürüjileri ilkinji gezek münberiň 1-2-nji basgançagyna çykmagy başardy. “Red Bull KTM” toparynyň ispan sürüjisi Pol Espargaro ýaryşyň ýeňijisi Mirden 1,203 sekunt gijä galyp, 3-nji orna mynasyp boldy.
Tamamlanan 12-nji ýaryşdan soň, Žoan Mir utugyny 162-ä ýetirip, sanawdaky birinjiligini dowam etdirýär.125 utugy bolan fransiýaly Fabio Kuartararo bilen ispaniýaly Aleks Rins 2-3-nji orunlary paýlaşýarlar. 121 utuk toplan Mawerik Winýales (Ispaniýa) 4-nji, 117 utukly Franko Morbidelli (Italiýa) 5-nji ýeri eýeleýär.
Möwsümiň 13-nji ýaryşy 15-nji noýabrda ýene-de Walensiýa şäherinde geçiriler.
The post Miriň ilkinji ýeňşi appeared first on Zaman Türkmenistan.