MIRASYM MILLI HAZYNAM

MIRASYM MILLI HAZYNAM

Türkmen halky aýdym-saza çäksiz hormat goýýan halk. Milli aýdymdyr sazlarymyz bolsa uzak heňňamlaryň dowamynda türkmeniň durmuşyny, toýdur baýramyny bezäp geldi.

Dessançylyk türkmen milli aýdym-saz sungatynyň aýratyn bir ugrydyr. Ol bagşydan bu sungatyň inçe tilsimlerini ezberlik bilen ele almagy, ussatlygy we kämilligi talap edýär. Dessançy hem saz çalmaga, hem dessan wakalaryny suhangöýlik bilen gürrüň bermäge, hem dessanyň aýdymlaryny gahrymanyň keşbine we wakalaryň içine girip, göz öňünde janlandyryp biler ýaly derejede ýerine ýetirmäge ukyply bolmaly.

Ynsanperwerlik, adalatlylyk, ynsan gatnaşyklaryndaky doganlyk-dostluk temalaryndan söhbet açýan türkmen dessanlarynyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde dessançy bagşylaryň hyzmaty örän uludyr.Bu sungat nesilden-nesle, halypadan şägirde geçip kämil derejesine ýetdi we umumadamzat ähmiýetli gymmatlyk hökmünde ykrar edildi.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan göwünleriniň ylham çeşmesi bolan milli aýdym-saz sungatymyzy, dessançylyk sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, geljekki nesillere ýetirmek, bu ugruň halypa-şägirtlik mekdebini döwrebap derejede has-da kämilleşdirmek babatynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwürde umumadamzat ähmiýetli hasaplanylýan dessançylyk sungatymyzda özboluşly labzy, heňi bilen tanalýan bagşylarymyzyň ýerine ýetirijilik ussatlygyny öwrenmek, olaryň ýerine ýetirýän dessanlarynyň audio we wideo ýazgylaryny toplamak boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan köpugurly işler alnyp barylýar.

Golaýda şol maksat bilen müdirligiň hünärmenleri Miras teleýaýlymynyň hünärmenleri bilen bilelikde Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda iş saparynda boldular. Örän netijeli geçen iş saparynyň dowamynda ussat bagşy Gurt Ýakybowyň kämillik mekdebini geçen, onuň bagşyçylyk ýoluny ýöredýän Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Çaryýarguly Ýakubowyň, Akmyrat Ýakubowyň we halypa bagşy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Jumadurdy Durdyýewiň ýerine ýetirmeginde birnäçe dessanlar hem-de tirme aýdymlary ýazylyp alyndy.

Ýolöteniň düzünde ýaňlanan türkmen halkynyň taryhy ýoluny şöhlelendirýän Görogly şadessanyndan Göroglynyň öýlenişi şahasyny Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Jumadurdy Durdyýewiň ýerine ýetirmeginde, Ymam Hüseýin dessanyny Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, meşhur bagşy Gurt Ýakubowyň ogly Çaryýarguly Ýakubowyň ýerine ýetirmeginde. Muhammarthanapyýa dessanyny Akmyrat Ýakubowyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edildi. Bagşylara Agaýusup Ýakubow, Merdanguly Gadamow, Kakamyrat Annagurbanow ýaly ussat sazandalar sazandarlyk etdiler.

Aýdym-saz mirasymyz milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň hatarynda durýar. Halypalaryň çuňňur millilige ýugrulan baý mirasyny öwrenmek, ösdürmek we geljekki nesillere geçirmek parz işleriň biridir.

Ýene degişli makalalar

Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
HALYPA HORMATY BELENT
Jemgyýetiň ösüşinde saz sungatynyň orny
HALK HAKYDASYNYŇ ÖÇMEJEK ŞAMÇYRAGY
Ussat sazanda, halypa mugallymyň ýagty ýadygärligine geçirilen konsert
BAGŞYNYŇ GYJAKÇY OGLY