Mirasy şäherleriñ Bütindünýä Guramasynyñ IV Aziýa - Ýuwaş ummany sebitleýin maslahaty

Mirasy şäherleriñ Bütindünýä Guramasynyñ IV Aziýa - Ýuwaş ummany sebitleýin maslahaty

Şu gün Koreýa Respublikasynyň Kýongju şäherinde Mirasy şäherleriň Bütindünýä Guramasynyň (OWHC) IV Aziýa Ýuwaş ummany sebitleýin maslahatynyň açylyşy boldy.

Bu maslahatda Indoneziýadan, Eýrandan, Wýetnamdan, Şri-Lankadan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Polşadan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Türkiýeden, Türkmenistandan we beýleki döwletleriň wekilleri gatnaşdy.

Maslahat Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän hem-de ÝUNESKO-nyň sanawyna giren mirasy şäherleri barada boldy. XXI asyrda bu mirasy şäherleriň maddy we maddy däl medeni mirasy arkaly gerimi giňeltmek mümkinçiligini artdyrmak, medeniýeti, sungaty gymmatlyklaryny gorap saklamak boýunça ýörite çykyşlar, simpoziumlar, duşuşyklar geçirildi.

Şeýle-de, maslahatyň çäginde Kýongju şäherine gezelenç gurnaldy. Bu şäheriň gadymylygy, gurluşyk, medeniýeti maslahata gatnaşyjy myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Şri-Lankada Prezident saýlawlary geçiriler
Grodno döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistandan 67 talyp bilim alýar
Türkmenistan ilkinji gezek Bütindünýä mirasynyň şäherleri guramasynyň sebitleýin forumyna gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti raýat ýagdaýynyň namalary bilen bagly sebitleýin duşuşyga gatnaşdy
Haýsy ýurduň ady näme manyny berýär?
Şri-Lankada 150 müňe golaý adam içimlik suwuň ýetmezçiligine duçar boldy