Häzirki wagtda awtomobil pudagy uly girdeji gazanýar. Bir minutda haryt dolanyşygy 1 000 000 000-a ýetýär. Her ýyl konweýerden 100 000 000 töweregi täze awtoulag çykýar.
Hünärmenler haýsy ýurduň şol bir wagtda has köp awtoulag öndürýändigini anyklamak kararyna geldiler we munuň üçin reýting düzdüler.Bu barada car.ru habar berýär.Mysal üçin, Hytaýda bir minutda konweýerden 49 awtoulag çykýar.
ABŞ-da bu görkeziji hatda 21-e hem ýetmeýär, Ýaponiýada bir minutda 18 awtoulag çykarylýar.Russiýada her minutda 3 sany täze awtoulag öndürilýär.Bu görkeziji Italiýa we Türkiýe bilen deňeşdirilende ýokarydyr. Şeýle-de, hünärmenler Volkswagen we Toyota kompaniýalarynyň awtoulaglary has çalt öndürýändigini bellediler.
Konweýerden bir minutda 20 awtoulag çykýar.Hyundai kompaniýasy şol bir wagtda 14, GM 13 sany awtoulag ýygnaýar.Liderleriň sanawynda Ford we Nissan kompaniýalary hem bar.Birinjisi 60 sekuntda 12, ikinjisi 11 awtoulag öndürýär. Ýedinji orunda her minutda 10 awtoulag öndürýän Honda ýerleşdi.
Sekizinji orny minutda 8,8 ulagy öndürýän FCA konserni eýeledi, liderleriň onlugyny Renault bilen PSA jemleýär.Olar minutda degişlilikde 7,9 hem-de 6,9 ulag öndürýärler. Şunuň bilen baglanyşykly şeýle sorag ýüze çykýar awtoulag öndürijileri bir minutda näçe gazanýarlar? Ýüzlerçe müň dollar. Şeýlelikde, Honda we BMW öz modellerini iň ýokary, Peugeot bolsa iň pes baha bilen bahalandyrýar.