Minskde GDA-nyň Içeri işler ministrleriniň geňeşiniň ýubileý mejlisi geçirildi

Minskde GDA-nyň Içeri işler ministrleriniň geňeşiniň ýubileý mejlisi geçirildi

GDA-nyň Içeri işler ministrleriniň geňeşiniň Miniskide geçirilen 50-nji ýubileý mejlisine Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we GDA agza döwletleriň terrorçylyga garşy merkeziniň wekilleri gatnaşdylar diýip, Arkalaşygyň resmi maglumatlar portalynda habar berilýär.

Mejlisde GDA-nyň çäginde hukuk goraýjy edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, kiberjenaýatçylyga garşy göreşde döwletara maglumat gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we ýöriteleşdirilen döwletara maksatnamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga, ekstremizme, ýaragly gaçakçylyga we jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy bilen bagly meselede bilelikde göreşmegiň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşykda türkmen wekili sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini parahatçylyk ýollary we hoşniýetli diplomatik usullar arkaly çözmekde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada çykyş etid.

Bellenilişi ýaly, duşuşyga gatnaşyjylary Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko kabul etdi.

Ýene degişli makalalar

A.Lukaşenko Minskiniň we Aşgabadyň netijeli gatnaşyklary ösdürmegi dowam etdirjekdigine ynanýar
Türkmenistanlylaryň Belarusyň giňeldýän wizasyz gatnaşyklaryna 'gözi gidýär' - synçy
Türkmenistanlylar Belarusyň giňeldýän wizasyz gatnaşyklaryna 'gultunyp' seredýärler - synçy
GDA-nyň Aşgabat sammitiniň netijeleri jemlenildi
Türkmenaragatnaşyk agentliginiň ýolbaşçylary GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 60-njy maslahatyna gatnaşdylar
Türkiýe Halkara Minsk Kitap Sergisina Gatnaşýar