Minnihanow Akdus bilen kömelek çöpledi

Minnihanow Akdus bilen kömelek çöpledi

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Telegram kanalynda türkmen alabaýy Akdusyň kömelekli sebediň ýanynda duran suratyny paýlaşdy. Respublikanyň Baştutany surata: Olja diýip at goýdy.

Awgust aýynyň başynda ýagan ýagyşdan bäri tatarystanlylar tokaýdan kömelek çöpleýärler. Kazanyň golaýyndaky tokaýlykda hem her ýagyşdan soň kömelek ösüp ýetişýär. R.Minnihanow hem sosial ulgamlarda öz iti bilen gezim etmäne çykan mahaly çöplän kömelekleriniň suratyny ýerleşdirdi.

Akdusyň ady tatarça bolup, türkmen diline terjime edilende Ak dost diýen manyny berýär. Akdus heniz kiçijek güjük mahaly 2021-nji ýylda Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýalarynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlipdi.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow BMG üçin yslam başlangyjyny işläp taýýarlamagy teklip etdi
Gurbanguly Berdimuhamedow “Russia Halal EXPO-daky” Türkmenistanyň milli pawilýonyna baryp gördi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Tatarystanyň Baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa Tatarystana amala aşyran sapary bilen bagly hoşallyk bildirdi