Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.Onda ýurdumyzda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň — bäsdeşlik esasynda guralan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerine garaldy.

Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi.Ol şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň netijeleri barada habar berdi.

Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy 11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütden ugur alnyp, bu möhüm syýasy çärä taýýarlyk görmek hem-de guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilen giň gerimli işler barada aýdyp, saýlaw uçastoklarynyň jemi 2618-siniň, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýanynda olaryň 41-siniň döredilendigini habar berdi. Şunuň bilen birlikde, Demokratik partiýadan, Agrar partiýadan hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, jemgyýetçilik guramalaryndan, raýatlaryň teklipçi toparlaryndan, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň wekillerinden 2726 synçy bellige alyndy.

Saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine ýardam bermek maksady bilen, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan ýurdumyzyň saýlaw işlerine gatnaşýan döwlet edaralarynyň wekilleri üçin okuw maslahatlary geçirildi.

Saýlawlar boýunça dalaşgär hödürlemek işlerine syýasy partiýalaryň üçüsi we merkezi saýlaw toparynda bellige alnan raýatlar toparlarynyň altysy gatnaşdy.Raýatlaryň teklipçi toparlarynyň her biri öz dalaşgärini goldaýan saýlawçylaryň 10 müňden köpüsiniň gollaryny ýygnadylar.

Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň 3-si, 46-njy maddasyna laýyklykda bolsa raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgärleriň 6-sy bellige alyndy. Şunlukda, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenenler jemi 9 adam boldy.

Kanunçylyga laýyklykda, ähli dalaşgärlere wagyz işlerini geçirmek hem-de Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň şertler döredildi, teleýaýlymlarda çykyş etmek üçin deň mümkinçilikler üpjün edildi.

Olaryň terjimehallary, maksatnamalary suratlary bilen Türkmenistan, Neýtralnyý Turkmenistan gazetlerinde çap edilip, dolulygyna halka ýetirildi. Şunuň bilen birlikde, saýlawlara çagyryş häsiýetli wideoşekiller taýýarlanylyp, teleradioýaýlymlarda köpçülige ýetirildi.Saýlawlara taýýarlyk işleriniň barşy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňişleýin we yzygiderli beýan edildi, şol sanda saýlawçylaryň saýlaw hukuklary hakynda teleýaýlymlarda söhbetdeşlikler guralyp, saýlawlaryň açyklykda, aýanlykda, demokratik esaslarda geçirilişi düşündirildi.

Mundan başga-da, habar beriş serişdelerinde merkezi saýlaw toparynyň mejlisleri barada yzygiderli hasabatlar çap edildi.Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses berilýän günde saýlaw uçastoklarynda ir säherden Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanyp, saýlawlar türkmen halkyna mahsus toý-dabara, şatlyk-şowhun bilen başlandy.

Saýlaw uçastoklarynyň işiniň ilkinji pursatlaryndan ilatyň ýokary işjeňligi bellige alyndy.Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzdaky saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi sanly ulgam arkaly, onlaýn tertipde merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda görkezildi. 2022-nji ýylyň 12-nji martynda ir sagat 7-den agşam 19-a çenli aralykda saýlaw uçastoklarynyň hemmesinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýurdumyzyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirildi diýlip hasap edildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli buýrugyna laýyklykda, saýlaw uçastoklarynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hem maglumat berildi.Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň kabul eden tertiplerini hem-de jemgyýetçilik gigiýenasynyň kadalaryny berjaý etmek şerti bilen, saýlaw uçastoklarynda zyýansyzlandyryş işleri we beýleki lukmançylyk hyzmatlary guralyp, saýlawçylaryň saglyk goraglylygy talabalaýyk üpjün edildi.

Kanuna laýyklykda, türkmen halkyna mahsus bolan milli demokratik ýörelgelerden ugur alnyp, saýlawlar saýlaw hukugynyň halkara derejede ykrar edilen we saýlawlary demokratik esaslarda geçirmegiň bellenen şertleri hasaplanýan ählumumy, deň, göni saýlaw hukugy, saýlawlaryň gizlinligi, erkinligi ýörelgelerinde hem-de bäsdeşlik esasynda geçirildi.

Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik birleşiklerinden, raýatlaryň teklipçi toparlaryndan we iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň wekillerinden bolan milli synçylaryň işi barada-da habar berdi.Hasabatyň barşynda bellenilişi ýaly, saýlawlaryň demokratik esasda geçirilişi bilen tanyşmak üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan we beýleki ýurtlardan halkara synçylar Türkmenistana gelip, saýlawlaryň taýýarlyk işleri, ses bermegiň geçişi bilen tanyşdylar.

Abraýly halkara guramalardan gelen synçylar toparlarynyň ýolbaşçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçirilen brifinglerde saýlawlaryň asudalyk, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda hem-de kanuna laýyklykda geçirilip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyny görkezendigini aýtdylar.

Munuň özi saýlawlaryň kanunalaýyklyk, demokratik kadalar esasynda geçirilendigini subut edýär.Jemi 75 synçydan ybarat bolan halkara we garaşsyz synçylar toparlarynyň agzalary Türkmenistanda bolan mahalynda, olar üçin saýlaw kanunçylygymyzyň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän işler bilen jikme-jik tanyşmaga, saýlaw toparlarynyň agzalary, dalaşgärler, olary hödürlän syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, raýatlaryň teklipçi toparlary, dalaşgärleriň ynanylan adamlary we saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmäge ähli mümkinçilikler döredildi.

Umuman, synçylar toparlarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda saýlawlaryň guramaçylykly, giň demokratik ýörelgeler we bäsdeşlik esasynda geçirilendigini nygtadylar.Halkara synçylar bu möhüm çärä saýlawçylaryň örän işjeň gatnaşandyklaryna aýratyn üns çekdiler.Soňra ählihalk saýlawlarynda ses bermegiň netijeleri beýan edildi.

Türkmenistan boýunça 3460080 saýlawçydan 3362052-si ses berip, 97,17 göterim gatnaşyk boldy.Saýlawlaryň netijeleri boýunça Perhat Begenjow 2,02, Agajan Bekmyradow 7,22, Serdar Berdimuhamedow 72,97, Berdimämmet Gurbanow 2,22, Babamyrat Meredow 1,08, Hydyr Nunnaýew 11,09, Maksat Ödeşow 1,15, Maksatmyrat Öwezgeldiýew 1,16, Kakageldi Saryýew bolsa 1,09 göterim ses aldylar.

Merkezi saýlaw toparynyň şu ýylyň 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň iň köpüsini — 72,97 göterimini alan dalaşgär — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edildi.

G.Myradow Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ähli agzalarynyň adyndan geçirilen ählihalk saýlawlarynyň milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda demokratiýanyň dabaralanýandygyny, halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny doly goldaýandygyny, döwlet Baştutanymyzyň daşyna berk jebisleşendigini aýdyň görkezendigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna ýüzlenip, saýlawlarda ses bermegiň dowamynda haýsydyr bir kemçilige ýol berlip-berilmändigi bilen gyzyklandy.Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy saýlawlaryň türkmen halkyna mahsus bolan demokratik ýörelgeler, erkin, gizlin ses bermek arkaly, umumy ykrar edilen saýlaw hukugynyň esasynda geçirilendigini habar berdi.

Soňra milli Liderimiz halkara synçylaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň bellikleri, arzuw-islegleri bilen hem gyzyklandy.Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň habar berşi ýaly, halkara synçylar topary saýlawlaryň Türkmenistanda ýokary guramaçylyk derejesinde, demokratik we alternatiw esasda geçirilendigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Olar, aýratyn-da, saýlawçylaryň işjeňligine üns çekdiler.Başga bellik bolmady.Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysyna saýlawlary geçirmäge işjeň gatnaşan adamlaryň ählisine Ministrler Kabinetiniň adyndan minnetdarlyk bildirmegi tabşyrdy. Şeýle-de bu saýlawlaryň tutuş dowamyny düýpli öwrenmek, eger ony geçirmekde kemçiliklere ýa-da halkara tejribeden yza galmalara ýol berlen bolsa, olary kanunçylyk taýdan resmileşdirer ýaly, ýakyn wagtda öz tekliplerini bermek tabşyryldy.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Watanymyzda düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi. Şunuň bilen birlikde, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre milli Liderimiziň Döwlet adam üçindir!

diýen ynsanperwer ýörelgesini durmuşa geçirýän, adyl, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň binýadynyň berkdigini, halkymyzyň watançylyk düşünjesini, her bir raýatyň öz ýurdunyň geljegi üçin jogapkärçilik duýgusyny, işjeň durmuş ýörelgesini dünýä ýüzüne aýdyň görkezmekde, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de demokratik ýol bilen ynamly öňe gitmeginde aýgytly ädim boldy.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde häzirki wagtda milli ruhly, täzeçe pikirlenmegi başarýan döwrebap nesliň, şol sanda ýaş ýolbaşçylaryň kemala gelendigini, olaryň ähli ugurda ýüki öz üstüne alýandygyny aýdyp, döwlet dolandyryşynda şolara ýol bermek babatda iňňän möhüm başlangyjy orta atmagynyň syýasy edermenlik bolandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýurdumyzda demokratik başlangyçlaryň yzygiderli ösdürilýändigini, saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilýändigini, täze taryhy eýýamda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatymyzyň doly goldanylýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň zamanamyzyň görnükli döwlet we syýasy işgäri, halkyň milli Lideri, adyl, ynsanperwer döwlet Baştutany hökmünde giňden ykrar edilip, jemgyýetçilik durmuşyndaky ähli meseleleri pähim-paýhas eleginden geçirip, halkymyza, ata Watanymyza hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýändigi aýratyn bellenildi.

Saýlawlar gününde döwlet Baştutanymyz käbesi Ogulabat eje bilen bilelikde, iň ýokary döwlet wezipesine mynasyp dalaşgäre ses berdi.Munuň özi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýäde uly seslenme döretdi.

Bu bolsa maşgala gymmatlyklaryna, ýaşuly nesle, ene mertebesine ägirt uly hormat goýulýandygynyň beýanyna öwrüldi.Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we ýurdumyzyň saýlaw kanunçylygyna, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, Prezident saýlawlarynyň demokratik esaslarda, guramaçylykly, giň bäsdeşlik, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilendigi bellenildi.

Saýlawlara taýýarlyk görmek, olary geçirmek bilen baglanyşykly çäreler meýilnamalaýyn esasda alnyp baryldy.Bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň üstünlikli geçirilmegi üçin döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň sazlaşykly işi ýola goýuldy.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen ählihalk saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy bilen gutlap, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentine Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan adyl ýoluny dowam etdirmekde, ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda syýasy, durmuş-ykdysady ulgamlarda okgunly ösüşlere gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasynda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň we raýat jemgyýetiniň döredilendigi nygtaldy. Şu babatda 12-nji martda hut şol dünýä we milli demokratik ýörelgeler esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilendigini görkezmek bolar.

Milli Liderimiziň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen taryhy mejlisinde eden çykyşynda geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň syýasy ulgamynyň ösüşine düýpli seljerme berildi, Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde durýan baş maksatlary we wezipeleri kesgitlenildi hem-de Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy tassyklanyldy.

Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda türkmen halkynyň köpasyrlyk adatlaryna, däp-dessurlaryna, baý medeni we ruhy mirasyna daýanyp, ýolbaşçylaryň ýaş nesline Türkmenistanyň döwlet işlerini dolandyrmaga giňden gatnaşmagy üçin ähli zerur şertleri we mümkinçilikleri döretmek baradaky başlangyjynyň ähmiýetini belledi. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar, Konstitusiýa we saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk görmäge girişdi.

Bu saýlawlar 12-nji martda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.Giňişleýin mejlisiň dowamynda Hökümet Baştutanynyň orunbasary, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy jemgyýetçilik-syýasy çäräni beýan etmek işine daşary ýurt habar beriş serişdelerinden — “TASS”, “Associated Press”, “Frans Press”, “NCA”, “Reuters” agentliklerinden, “TRT” teleradiokompaniýasyndan, “TRT World” teleýaýlymyndan, “Turkmenistan.ru” internet gazetinden, “Atavatan Türkmenistan” žurnalyndan we beýlekilerden habarçylaryň gatnaşandygyny aýtdy. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýurdumyzyň daşary ýurtlarda bolýan raýatlarynyň hem öz konstitusion hukuklaryny berjaý etmekleri üçin zerur şertleriň döredilendigi barada habar berildi.

Halkara guramalaryň wekilleri, halkara synçylar we daşary ýurtly žurnalistler özleriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijeleri boýunça guran brifinglerinde we interwýularynda bu çärä ýokary baha berdiler.Hususan-da, halkara hyzmatdaşlar türkmen tarapynyň erkin, açyk, demokratik saýlawlaryň geçirilmegini üpjün etmek boýunça ähli halkara kadalary berjaý edendigini we bu babatda hiç hili bellikleriniň ýokdugyny aýtdylar.

Türkmenistanyň saýlaw işini guramak babatdaky tejribesini nusga hökmünde peýdalanmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy. Ýurdumyzyň durmuşyndaky şeýle möhüm ähmiýetli wakanyň ýokary netijeleri Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we Garaşsyzlygyny pugtalandyrmak, jemgyýetiň ýokary derejedäki agzybirligini we jebisligini üpjün etmek hem-de umumy ykrar edilen kadalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan köpugurly döwlet işiniň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen döwletiniň Baştutanynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Çykyşynyň ahyrynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ähli türkmen diplomatlarynyň, döwletimiziň daşary ýurtly dostlarynyň we halkara hyzmatdaşlarynyň adyndan Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy bu saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi we Türkmenistanyň iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Wise-premýer, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hökümet agzalarynyň kabul edilen milli strategiýalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna we halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen anyk wezipeleriň ählisiniň çözülmeginiň bähbidine ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow möhüm syýasy çäräni — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny şu ýylyň 12-nji martynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görlendigi barada hasabat berdi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ysnyşykly we utgaşykly işiniň netijesinde ýurdumyzda asudalygy, durnuklylygy saklamaga, ähli welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda kanunylygy, tertip-düzgüni üpjün etmäge, ähli saýlaw uçastoklarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmäge gönükdirilen çäreler amala aşyryldy.

Soňra wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan täze saýlanan Prezident Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy ählihalk saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bagt, uzak ömür hem-de ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw edip, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň Diýarymyzda parahatçylygy, asudalygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň serhetleriniň eldegrilmesizligini, kanunylygyň we hukuk tertibiniň berk berjaý edilmegini üpjün etmegiň bähbidine mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz bu örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň halkara talaplara laýyklykda we ýokary derejede, aç-açanlyk, aýdyňlyk ýagdaýynda guralandygy üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalaryna, milli hem-de halkara synçylara, saýlawlary üstünlikli geçirmäge gatnaşan ähli watandaşlarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Bu saýlawlar türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, milli kadalarymyza, ata-babalarymyzyň demokratik däplerine wepalylygyny ýene-de bir gezek açyp görkezdi.Biziň halkymyz saýlawlara işjeň gatnaşyp, bu möhüm syýasy çäräni uly dabara besledi.

Munuň özi ata Watanymyzyň durnukly ösmegi, nesillerimiziň nurana geljegi üçin her bir raýatymyzyň uly jogapkärçilik duýýandygyny alamatlandyrýar.Hiç kimiň bu wajyp işden çetde durmaýandygyny, jemgyýetimiziň öňdebaryjy, kämil derejä ýetendigini görkezýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra täze saýlanan döwlet Baştutany ýygnananlara gutlaglary we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, gysgaça söz sözledi.Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň raýatlaryna ýüzlenip, saýlawlara işjeň gatnaşan ildeşlerimize, özi üçin ses berip, ynam bildiren saýlawçylara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmek, onuň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda uly işleri amala aşyrandygyny nygtap, ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidenti Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde has uly wezipeleriň durýandygyny nygtady.

Bu wezipeler Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda jikme-jik beýan edildi.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda kemala gelen ösüş ýoly, syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-durmuş babatda başy başlanan özgertmeler dowam etdiriler, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejelerini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak ugrunda tagalla ediler. Ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary we ähli türkmenistanlylary halkymyzyň bildiren beýik ynamyny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda asudalygy, howpsuzlygy üpjün etmek, dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň berkarar bolmagyna ýardam bermek, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine bitirjek işleri bilen ödejekdigine ynandyrdy.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baştutany wezipesine täze saýlanan Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň kanunçylygyna we umumy kabul edilen hukuk kadalaryna laýyklykda, bäsdeşlik esasynda, aç-açanlyk hem-de aýdyňlyk ýagdaýynda geçen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bu ýeňiş biziň halkymyzyň bildiren ynamynyň netijesidir.Adamlaryň ynamy bolsa mukaddesdir we hökman ödelmelidir.Munuň üçin, ilki bilen, Watany hem-de mähriban halkyňy çäksiz söýmeli.Hemişe halkyň aladasy bilen ýaşap, ähli güýjüňi, tagallaňy onuň bähbitlerine gönükdirmeli.

Eger gerek bolsa, Watanyň we halkyň üçin janyňy hem bermäge taýýar bolmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy we Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň bu ynamy ödejekdigine ynam bildirdi.Arkadag Prezidentimiz berk jan saglyk, uzak ömür, her bir türkmenistanlynyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň ähli halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine köptaraply işinde üstünlikleri arzuw edip, halk üçin ähli amala aşyrjak wezipesinde diňe üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda yglan edilen arakesme wagtynda, bu ýerde Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi.Onuň dowamynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemleri boýunça beren hasabaty bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň täze Prezidentiniň wezipesine girişmegine bagyşlanan dabaranyň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu syýasy çäräniň guramaçylykly we aç-açanlyk ýagdaýynda geçirilmegi türkmen jemgyýetinde demokratik esaslaryň, halk häkimiýetliliginiň milli ýörelgeler bilen utgaşykly alnyp barylýandygyny aňladýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, döwlet toparyny döretmek hem-de şu dabara mynasybetli ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçdi.

Arakesmeden soňra Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi dowam etdirildi.Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasynyň geçiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu çärä taýýarlyk görmek we ony ýokary derejede geçirmek üçin döwlet toparynyň döredilýändigi yglan edildi hem-de onuň düzümini we ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekildi.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

More related articles

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi