Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparlaryny tamamlap, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň maslahatlar zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.
Mejlisiň gün tertibine iş saparlaryň jemleri, häzirki tapgyrda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Mary we Lebap welaýatlarynda iş saparlarynyň çäklerinde galla oragynyň barşy bilen tanşylandygyny, adamlar bilen söhbetdeş bolnandygyny belledi. Saparlaryň dowamynda möhüm desgalaryň birnäçesini dabaraly açyp, ulanmaga berdik. Hormatly Prezidentimiz bu desgalaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine we mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna oňyn täsir etjekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 20222028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy taýýarlananda, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmek, ýurdumyzyň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak arkaly mähriban halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek boýunça çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyna aýratyn üns çekildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedowa ýüzlenip, Mary welaýatynyň ykdysadyýetiniň esasyny senagat, himiýa senagaty we oba hojalyk pudaklarynyň düzýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Mary welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmak, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak we täze iş orunlaryny döretmek boýunça işleriň sazlaşykly utgaşdyrylmalydygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlaryna, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde göz öňünde tutulan desgalaryň bellenen möhletinde ulanmaga tabşyrylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa Mary welaýatynyň tebigy baýlyklaryny we gorlaryny netijeli ulanmak üçin, ýangyç-ennergetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň alyp barýan işleriniň, önümçilik ugurlarynyň döwrebaplaşdyrylmalydygy, pudagyň edara-kärhanalaryna häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmalydygy, täze iş orunlaryny döretmek boýunça işleriň dowam etdirmelidigi babatda anyk tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa ýüzlenip, elektrik energiýasynyň, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň we beýleki gurluşyk önümçiligi harytlarynyň, mineral dökünleriň öndürilişini durnukly ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mary welaýatynyň tebigy baýlyklaryny we gurluşyk önümçiliginiň çig mal gorlaryny rejeli we netijeli ulanmak üçin, senagat we gurluşyk pudagynyň önümçilik kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegi gazanmalydyr. Täze önümçilikler işe girizmelidir. Täze iş orunlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler dowam etdirmelidir.
Döwlet Baştutanymyz içerki bazaryň importyň ornuny tutýan senagat önümleri we gurluşyk harytlary bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagynyň, innowasion tehnologiýalara esaslanýan hem-de ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny öz içine alýan täze önümçilikleriň ýola goýulmagynyň hem-de elektron senagatynda döwrebap önümleriniň öndürilmeginiň dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalygyny we azyk önümlerini gaýtadan işleýän pudagy, Mary welaýatynyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň hatarynda kesgitläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa birnäçe tabşyryklary berdi.
Sebitde ýerli gök-bakja, miwe önümleri, ýeralma, mal we guş eti, ýumurtga, ösümlik ýagy we beýleki azyk önümleri bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak, ot-iým binýadyny döretmek üçin zerur işler tapgyrlaýyn hem-de maksatnamalaýyn durmuşa geçirilmelidir. Şunda bu ugurda daýhan hojalyklarynyň, hususy ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň wajypdygy nygtaldy.
Wise-premýere Mary welaýatynyň zähmetsöýer halkynyň yhlasly zähmeti bilen, şu ýylda gök önümleriň we miweleriň bol hasylyny almak boýunça zerur işleri geçirmek hem-de döwlet tarapyndan zerur goldawy bermek tabşyryldy. Şu ýyl Mary welaýatynda bugdaýy we pagtany öndürmek boýunça meýilnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen çäreler esasy tabşyryklaryň hatarynda agzaldy.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk maksatly ekin meýdanlarynyň we öri meýdanlarynyň maksadalaýyk hem-de netijeli ulanylmagyny gazanmalydygyny belläp, halkara tejribesinden ugur alyp, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we tohumçylygy ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmegi, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, halkara tejribeden ugur alyp, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmalydygy, iri suw geçirijilerini, howdanlary we kölleri ulanmagyň iň täze tilsimatlarynyň ornaşdyrylmalydygy hem-de suw tygşytlaýjy usullaryň giňden ulanylmagynyň üpjün edilmelidigi nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bilim ulgamyndaky ileri tutulýan wezipelere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň ünsüni çekip, welaýatdaky bilim edaralarynyň okuw kitaplary we gollanmalary bilen ýeterlik üpjün edilmegini, ähli dersler boýunça mugallymlar bilen üpjünçiligi hemişe gözegçilikde saklamagy, bilim edaralarynyň abatlaýyş we abadanlaşdyryş işleriniň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýurdumyzyň çagalarynyň dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde körpe nesilleriň wagtlaryny şadyýan hem-de gyzykly geçirmeklerine gönükdirlen maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde okatmagyň täze usullaryny, häzirki zamanyň ösen tejribesini özleşdirmek, sanly ulgam bilen baglanşykly okuw-usulyýet işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek aýratyn zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzda oba-senagat toplumynyň düzümlerine dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak, bu ugurda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ýer we suw serişdelerini tygşytlamakda täzeçil tehnologiýalary öwrenmek boýunça daşary ýurtlaryň ösen kompaniýalary bilen iş alyp barmagy tabşyrdy.
Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk-gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde bolşy ýaly, özara tejribe alyşmak wezipeleriniň netijeli ýerine ýetirilmeginde ähmiýetlidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri ösdürmek hem-de Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny işjeňleşdirmek boýunça wise-premýere, daşary işler ministrine anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory M.Çakyýewe ýüzlenip, ýolagçy we ýük dolanyşygyny depginli artdyrmak, halkara ulag‑üstaşyr gatnawlary üçin amatly we bäsdeşlige ukyply şertleri döretmek arkaly ýurdumyzyň, hususan-da, Mary welaýatynyň multimodal logistika mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz maglumat tehnologiýalarynyň dünýädäki ösüşine laýyklykda, ýurdumyzyň, şeýle hem Mary welaýatynyň çägindäki edara-kärhanalara, ykdysadyýetiň pudaklaryna häzirki zaman sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak işleriniň dowam etdirilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewe ýüzlenip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek, bazarlaryň hem-de beýleki söwda nokatlarynyň dürli önümler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, şunda bar bolan önümçilikleri netijeli ulanmak, öndürilýän önümleriň, edilýän hyzmatlaryň möçberini we görnüşlerini artdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Önüm öndürijileriň netijeli işini ýola goýmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek ýaly meseleleriň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede dowam etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýüzlenip, medeniýet ulgamyna degişli edaralarda işleri talabalaýyk guramagy we medeniýet edaralarynda abatlaýyş, abadanlaşdyryş işlerini öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynda boljak Medeniýet hepdeliginiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýata toý saparyny gurap, ähmiýetli desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşandygy, gallaçy-kärendeçileriň armasyny ýetirendigi üçin Arkadagly Serdarymyza welaýatyň ähli ilatynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem häkim bugdaý meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap alyp, ýyllyk borçnamany üstünlikli ýerine ýetirmek we sebitiň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew öz gezeginde, welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine möhüm üns berýändigi, ýurdumyzyň senagat taýdan kuwwatlanmagynda möhüm ähmiýeti bolan ýangyç-energetika topluma degişli desgalaryň ulanmaga berilmegine ak pata berendigi, şeýle hem welaýatyň gallaçy-kärendeçileri bilen duşuşyp, olaryň armasyny ýetirendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Häkim welaýaty hemme taraplaýyn ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryny etjekdiklerine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk pudagynyň işini döwrebap derejede guramak, haryt bolçulygyny döretmek, maldarçylyk we guşçulyk pudaklaryny ösdürmek bilen baglanşykly meseleleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi. Şunda işi ýöretmegiň täzeçil usullarna, ýerlerde tohumçylyk işiniň ösdürilmegine, ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidr.
Hormatly Prezidentimiziň Mnistrler Kabinetiniň Mary we Lebap welaýatlaryna guran toý saparlarynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen göçme mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna we Eýran Yslam Respublikasyna guran resmi saparlarynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek, şunda ýurdumyzyň oba-senagat toplumyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri barada hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzy saparlaryň üstünlikli jemlenmegi bilen gutlady.
Bellenilşi ýaly, häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen başy başlanan tutmly işleriň, şol sanda binýady berkden tutulan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam edýändigini guwanç bilen belledi hem-de bu ugurda ýola goýulan halkara gatnaşyklarynyň netijeli häsýete eýe bolýandygy üçin hormatly Prezidentimizi hoşallyk sözlerini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň ahyrynda onda garalan meseleleriň, kesgitlenen wezipeleriň doly derejede ýerine ýetirilmegi ugrynda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidgini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow göçme mejlisi jemläp, öňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlaryna guran toý saparlaryny tamamlap, hemmeler bilen hoşlaşdy we Türkmenabat şäheriniň halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady.
Döwlet Baştutanymyzyň uçary biraz wagtdan paýtagtymyzyň Halkara Howa menziline gondy. Bu ýerde Arkadagly Serdarymyz mähirli garşylandy.