Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly “Türksat 6A” hemrasynyň ýerli şertlerde öndürilendigini, gelejekde uçuryş desgalarynyň hem ýerli şertlerde öndüriljekdigini aýtdy.
Türkiýäniň ilkinji ýerli we milli aragatnaşyk hemrasy “Türksat 6A-nyň” uçurlyş dabarasyna gatnaşmak üçin ABŞ-na baran Uralogly, emeli hemra gatnawy firmasy “SpaýsX” firmasynyň Tehas ştatynyň Bronswill şäherinde ýerleşýän desgalaryna baryp gördi.
Ol ýerde esasy önümçilik ýerleri bilen tanyş bolan Uralogly, alynyp barylýan işler hakynda maglumat aldy.
Ministr Uralogly iş saparyndan soň beren beýannamasynda; ““SpaýsX” firmasynyň raketalaryny öndürýän esasy önümçilik desgasyny gördük. “Starşip” raketasyny bärde öndürip, uçurýarlar. Önümçilik desgasy bilen uçuryş desgasynyň bir ýerde bolmagy möhüm.
Dizaýn eden, taslamasyny taýýarlan, öndüren we uçurýan şol bir topar. Ählisini özleri edip bilýär. “Starşip” raketasy bilen 60 sany pes orbita hemrasyny şol bir wagtda uçuryp bilýärler.Atylan raketalar desga dolanyp gelýär we gaýtadan ulanylyp bilinýär. “Türksat 6A” hemrasyny biz öndürdik, enşalla bularam biz ederis.
Hormatly Prezidentimiziň ygtyýary, goldawy, ugrukdyrmasy bilen älem giňişligine eýe çykmaga dowam ederis” diýdi.