Resmi sapar bilen Katara giden Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek paýtagt Dohada Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Şyh Muhammed bin Abdurrahman Al Sani bilen duşuşdy.
Katarly kärdeşi Ali bin Ahmed al-Kewari bilen hem duşuşan Mehmet Şimşek iki ýurduň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklary hakynda pikir alyşdy.
Resmi saparynyň çäginde katarly maýadarlar bilen duşuşan Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek, Türkiýäniň ykdysady maksatlary we maýadarlara hödürleýän ýeňillikleri hakynda maglumat berdi.
Ministr Şimşek Katardan soň Kuweýde geçer.