Ministr Ömer Bolat eksport görkezijileri barada maglumat berdi

Ministr Ömer Bolat eksport görkezijileri barada maglumat berdi

Stambul şäherinde Taýar egin-eşik önümleriniň sergisinde çykyş eden Söwda ministri Ömer Bolat, Türkiyäniň ösüş görkezijileri bilen dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biridigini belläp, eksport görkezijileri barada maglumat berdi.

Şu ýylyň ilkinji 3 aýynda ýurtda milli girdejiniň jeminiň 1 trillion 159 million dollara ýetendigini aýdan ministr Ömer Bolat: "5,7 göterimlik ösüş bilen Türkiye dünýä derejesinde öňdebaryjy ýurtlaryň biri boldy" diýip habar berdi.

Eksportyň oňyn görkezijler bilen ösüp barýandygyny aýdan ministr Ömer Bolat: "Ýylyň ahyryna çenli 267 milliard dollar önüm eksporty 110 milliard dollar hyzmat eksporty maksatnamasyny öňümizde goýduk. Iýul aýynyň ahyryna çenli soňky 12 aýyň eksportynyň 261,5 milliard dollar görkezijisine ýetdik. Bu rekord görkeziji. Hyzmatlar eksporty hem ýyllyk 106,5 milliard dollara ýetdi" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Eksportda rekordlar täzelenmäge dowam edilýär
Türkiýäniň Eksporty Ösmäge Dowam Edýär
Ýylyň 8 aýynda 11 ýurda ary bal eksport edildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny