Ministr Fidan, Arap Ýurtlaryň Ilçilerini Kabul Etdi

Ministr Fidan, Arap Ýurtlaryň Ilçilerini Kabul Etdi

Türkiýe, Gazada yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin diplomatiýa taýdan tagalla edýär.

Müsüre guran saparyny tamamlan Daşary işler ministri Hakan Fidan, paýtagt Ankarada Arap ligasyna agza ýurtlaryň ilçilerini kabul etdi.

Kabul edilşikde, Ysraýylyň Gazada edýän gyrgynçylygy we sebitdäki gumanitar ýagdaý ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr Fidan, Türkiýäniň yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallalaryny gürrüň berdi.

Beýleki tarapdan Yslam hyzmatdaşlyk guramasy, Ysraýylyň palestin halkyna garşy guraýan hüjümlerini we adam hukuklarynyň basgylanmagyny ara alyp maslahatlaşmak üçin nobatdan daşary ýagdaýda jemlenişýär.

Maslahata Türkiýäniň adyndan Daşary işler ministriniň orunbasary Nuh Ýylmaz gatnaşar.

Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde daşary işler ministrleri derejesinde geçiriljek maslahatda Hamasyň lideri Ismail Haniýeniň geçen hepde Eýranda şehit edilmegi we Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleri meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Hamasyň Syýasy Lideri Soňky Ýoluna Ugradyldy
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Nobatdan Daşary Ýagdaýa Jemlenişýär
Rus Lideri Putiniň Siriýa Boýunça Ýörite Wekili Ankara Geldi
Türk raýatlaryna durmuşa çykan türkmen zenanlaryna Türkmenistandan çykmaga rugsat berlip başlandy - çeşmeler
Halaç Türkçesi