Söwda ministri Ömer Bolat Stambulda geçirilen Trade Winds çäresinde söz sözledi.
Türkiye bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda mukdarynyň 16 milliard dollara ýetendigini aýdan Ömer Bolat, şu gün ABŞ-nyň Türkiyäniň iň uly 2-nji eksport bazary ýagdaýyna gelendigini mälim etdi.
Iki ýurduň arasyndaky söwda mukdary maksatnamasynyň 100 millard dollardygyny aýdan Ömer Bolat, onuň ýeňillik bilen durmuşa geçirip boljak bir maksatdygyny beýan etdi.
Türk kärhanalarynyň hem ABŞ-na bolan gyzyklanmasynyň artýandygyna ünsleri çeken Ömer Bolat: "Kärhanalarymyzyň ABŞ-daky maýa goýumlary 2023-nji ýylyň ahyryna çenli 11 milliard dollara ýetdi we daşary ýurtlardaky maýa goýumlarymyzda ABŞ-nyň paýy 16 göterime ýetdi" diýip aýan etdi.
3 gün dowam etjek çärä 120-den gowrak amerikan kärhanasy gatnaşýar.