Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu, Yragyň Ulaglar ministri Rezzak Muheýbes as Sadawi bilen duşuşdy.
Ministr Uraloglu, sosial mediadan beren habarnamasynda, Yragyň Ulaglar ministri Rezzak Muheýbes as Sadawi bilen paýtagt Bagdatda duşuşandygyny mälim etdi.
Uraloglu “Duşuşykda iki ýurduň arasynda Galkynyş ýoly taslamasy boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy, dörttaraplaýyn ylalaşygyň çäginde ministr geňeşiniň maslahatynyň sentýabr aýynda Türkiýede geçirilmegi we iki ýurduň arasynda ulaglar pudagy boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy barada pikir alyşdyk” diýip belledi.