
Kitçiniň türkmenistanly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynyň 2-nji tapgyrynda Gonkong topary bilen geçirilen duşuşykda iki gola goşant goşdy.
Duşuşyk Mingazowyň toparynyň 8:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. 21-nji minutda Kim Sin Uka gol pasyny beren türkmenistanly futbolçynyň 6 minutdan soňra özi hem tapawutlandy.
Şeýlelikde, Kitçi Gonkongyň Premýer-ligasyna bassyr iki ýeňiş bilen girişdi. Topar ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär.
Mingazowyň topary çempionatyň 3-nji tapgyryndaky duşuşygyny 2-nji sentýabrda Istern topary bilen geçirer.