Amerikaly milliarder we Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos “ölüme garşy” dermany döretjek Alto Labs startapyna üç milliard dollar maýa goýdy. Bu barada “The Conservation” habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.
Bu taslama ilkinji gatnaşyjylaryň biri britan farmasewtik kompaniýasy GlaxoSmithKline-iň öňki baş ylmy işgäri Hel Berron boldy. Şeýle-de, bu pikiri durmuşa geçirmek işine Nobel baýragynyň laureatlary Şinýa Ýamanaka we Jennifer Dudna hem goşuldy.
Alymlar “ölüme garşy dermany” öýjükleri gaýtadan programmirlemek, ýagny olaryň ýetişmedik ýagdaýyna gaýdyp gelmek prosesini öwrenmek arkaly döretmegi meýilleşdirýärler.Neşiriň belleýşi ýaly, bu taslamanyň üstünlikli boljakdygy belli däl, ýöne gözlegçileriň garrama garşy göreşde täze açyşlary edip biljekdigi çaklanylýar.