-Wremýa“ täzelikler gepleşiginde diktor Igor Kirillow Aýhan Hajyýewe Türkmenistanda ilkinji bolup sungaty öwreniş ylymlarynyň professory adyň dakylandygyny habar berende, ol biziň maşgalamyz üçin iň bagtly günleriň biri bolupdy,-diýip nakgaşyň gyzy Oguljeren Hajyýewa gürrüň berýär.
Aýhan Hajyýew 1924-nji ýylda Aşgabadyň etegindäki dünýä belli Parfiýa şalygynyň paýtagty Nusaýyň taryhy-medeni ýadygärliginiň golaýyndaky owadan Bagyr obasynda dogulýar. Ir ýogalan kakasy Aýhanyň ýadynda galmandyr, ajaýyp bilim alan, mugallymçylyk eden we türkmençeden rus diline terjime bilen meşgulanan agasy welin ýadynda galypdyr.Ejesi çeper elli keşdeçi eken, şonuň üçinem ogullarynyň surat çekmäge höwesi maşgalada goldaw tapypdyr.
Çeperçilik tehnikumynyň ýanyndaky zehinlli ýetirm çagalaryň mekdep-internatyna okuwçylar alnandaAýhan bilen dogany oňa dalaşgärlerden eken.Olaryň ikisem okuwa girýär: ýöne Aýhan çeperçilik, dogany bolsa-sazçylyk bölümine girýärler. Şenbe we ýekşenbe günleri ejesine kömege gelipdirler. 13 ýaşyndaka Aýhan Hajyýewi Pagta meýdanyndaky dynç alyş“ suraty çagalar suratlarynyň bütinsoýuz bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolýar.
Ilkinji üstünliginden ruhlanan Aýhanda özüne ynam döräp, ol surat çekiş tilsimlerini kämilleşdirmäge çalyşýar.
Mekdep-internaty tamamlandan soň Aýhan Hajyýew Çeperçilik tehnikumyna okuwa girýär. Onuň ilkinji mugallymy Ýuliýa Pawlowna Daneşwar dessine ýetginjegiň ukybyny we zähmetsöýerligni aňyp, onuň zehininiň açylmagyna ýardam edýär. Halypa-şägirt gatnaşyklary sarsmaz dostluga öwrülýär, Ýuliýa Pawlowna ömrüniň ahyryna çenli Hajyýewiň maşgalasy bilen gatnaşykda bolýar. Ýuliýa Daneşwaryň Çeperçilik sungaty muzeýinde saklanýan suratynda ýaş talyp Aýhan Hajyýew donly şekillendirilipdir.
Magtymguly adyndaky Opera we balet teatry nakgaşyň zähmet ýoluna başlan ilkinji ýeridi. Ol agyr uruş ýyllarydy.Oýunlaryň çeperçilik bezeginde, plakatlary döretmekde we uruş meýdanlaryna ugraýan wagyz beriji wagonlary bezemekde nakgaşyň fronta peýda getirmäge bimöçber islegi beýanyny tapypdy.
1944-nji ýylyň ahyrynda göçürilen mugallymlar Moskwa dolanyp ugranda Aýhan Hajyýew okuwyny dowam etmek üçin Moskwanyň W.I. Surikow adyndaky Çeperçilik institutyna iberilýär. Realizmiň rus mekdebini halaýan Pýotr Dmitriýewiç Pokaržewskiý oňa tälim berýär. Wasiliý Iwanowiç Surikow Aýhan Hajyýewiň iň halaýan nakgaşydy. Türkmenistanly talyp Surikowyň taryhy suratlarynyň köpreňkli gurluşyna we dok reňklerine haýran bolýar.
1947-nji ýylda Aýhan Hajyýewiň durmuşynda ýene bir şanly waka boldy: Aşgabatda Magtymgulynyň kanoniki portretini döretmäge döredijilik bäsleşigi yglan edildi.Surikow adyndaky institutyň üçünji ýyl talyby Aýhan Hajyýew hem oňa gatnaşdy.
Magtymgulynyň her bir türkmeniň ýüreginde orun tutanlygyny aýtmak gerek, Aýhan heniz Çeperçilik tehnikumynda okaýan döwri şahryň keşbini döretmegi arzuw edýärdi.Nakgaş ilki bilen şahyryň dogduk obasy Gerkeze gidip, onuň dogan-garyndaşlary bilen söhbetdeş bolýar.
Ol Magtymgulynyň garyndaşlarynyň portretleriniň suduryny çekişdirip, şahyrň keşbine golaýlyk gözleýär, obadaşlaryndan Magtymgulynyň keşbi, endikleri barada eşidenleri barada soraşdyrýar.Edebi çeşmelere ýüzlenýär, Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Mäti Kösäýew ýaly ýazyjylar bilen maslahatlaşýar. Şol güzaplay gözlegleriň netijesinde-de şahyryň mümkingadar keşbi kemala geldi.
Aýhan Hajyýewiň azaby ýerine-de düşdi-onuň döreden portreti iň gowy eser diýlip ykrar edildi, onda şahyr täze goşgusyny döredýän şekilde görkezilipdir. Magtymgulynyň garyndaşlary-da ony halap, nakgaşa sag bolsun“ aýtdylar. Şondan bäri oýun goýýan we kino düşürýän režissýorlar-da, heýkeltaraşlar-da Aýhan Hajyýewiň döreden keşbinden ugur alýarlar.
Magtymgulynyň terjimehaly bilen tanyşlykdan Magtymguly zergär“ we Ýanbermez“ ýaly täze eserler döredi.Suratlaryň birinjisinde Magtymguly ussahanasynda şägirtleriniň arasynda otyran şekilde görkezilipdir. Şahyr olara näme gürrüň berýärkä?Belki zergärligiň syryn öwredýändir, belki-de obadaşlarynyň haýyşy bilen goşgy okaýandyr. Ýanbermez“ suratynda duşmanlaryň türkmen taýpalarynyň birine çozan pajygaly pursady şekillendirilipdir. Ýagy şahyryň golýazmalaryny ýok etse-de, onuň ruhuny syndyryp bilmändir.
Hut şonuň üçinem türkmen tire-taýpalaryny agzybirligi çagyrypdyr.Aýhan Hajyýewiň Bir maşgala bolup“ diýen eseri-de hut şu barada.
Nakgaş döredijiliginde Magtymgulynyň keşbini ýene-de birnäçe gezek döretdi. Ýöne oňa biraz soňrak dolanar, häzirlikçe bolsa Ylym pagtaçylaryň kömekçisi“ atly suratyny çekip, bu eseri boýunça ylmy iş ýazýar we sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty diýen ylmy at alýar. Çeperçilik muzeýinde saklanýan bu iş Ylymlar güni mynasybetli sergide görkezilipdi.
Aýhan Hajyýewiň eserleriniň ähliinde zähmet wasp edilýär. Belki, ol nakgaşyň özüniňem zähmetsöýerligi we kärine wepalylygy bilen baglanşykly bolsa gerek.
Onuň 1974-nji ýylda çeken Ilkinji mugallym“ atly eserinde ýaş mugallym jowzaly yssa parh bermän, ýanar oda dönen çägeden kitaplardyr beýleki mekdep esbaplary ýüklenen düýäni idip barýar. Düýe hem ýoldaşy ýaly alysdaky obalara bilim bermäge barýanyna buýsanaýn ýaly başyny belent tutup barýar.
-Öýlenmeli bolanda garyndaşlarynyň biri Gülnabady salgy beripdir,--diýip Oguljeren gürrüň berýär.- Kakam onuň diýenine gulak asyp, gudaçylyga adam iberýär.Ejem ýokary bilimli bolmasa-da, tap bilerdi, ylma höwesekdi.
Maşgala aladalaryna garamazdan-dört ogul, dört gyzyň enesi bolsa-da, okamaga wagt tapardy, ýurtda we dünýäde bolup geçýän wakalardan habarlydy.Täze eser döredende kakam hemişe biz bilen maslahalaşardy.
Aýratynam ejemiň pikirine gulak asardy. Şeýlelikde tutuş maşgalamyz Aýhan Hajyýewiň döredijiligine dahylly diýseňem boljak.
Kakam hemişe asyl nugsadan surat çekerdi, şonuň üçine suratlarynda köplenç bizi çekerdi. Mysal üçin, Çeper elli halyçylar“ suratynda halypa halyçyny ejemden, onuň gapdalyndaky gyzjagazy-goňşymyzdan, taranyň gapdalyndaky gyzam menden çekipdi. Bagtyýar zähmet“ suratynda men, ejem hem doganym çekilen. Beýle mysallar näçe diýseň köp. Bar zat geçip, bar zat özgerip dur“ suratynda kakam özüni çekipdi.
Ussat nakgaşy Türkmen politehniki institutynda binagärlik kafedrasyny dörediji hasaplaýarlar, ol ömrüniň ahyryna çenli talyplara surat we žiwopis“ dersinden sapak beripdi. Şol wezipede işläp, ol Türkmenistanyň taryhynda ilkinji bolup sungaty öwreniş ylymlarynyň professory adyna mynasyp bolupdy. Aýhan Hajyýewiň döredijiligi Bäşim Nuralynyň, Yzzat Gylyjowyň eserleri ýaly milli žiwopis mekdebiniň baýlygyna öwrüldi.