Milli ýygyndynyň kapitany Amanow Eýrana garşy boljak duşuşyk barada pikirini paýlaşdy

Milli ýygyndynyň kapitany Amanow Eýrana garşy boljak duşuşyk barada pikirini paýlaşdy

Dünýä çempionaty-2026 saýlama tapgyrynyň çäklerinde Eýranyň milli ýygyndysyna garşy geçiriljek möhüm duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow oýunlardan garaşylýan netijeler barada pikirlerini paýlaşdy diýip, milli ýygyndynyň metbugat gullugy habar berýär.

— Eýran bilen geçirjek möhüm oýunlarymyza indi az gün galdy. Bu oýunlara güýçli taýýarlyk görmek üçin elimizden gelenini edýäris. Eýranyň güýçli garşydaşdygyna oňat düşünýäris we olara mynasyp garşylyk görkezmek üçin ýokary derejede taýýar bolmaly — diýip, Amanow belledi.

— Toparymyz öňdäki oýunlara ýadawsyz taýýarlyk görýär. Taktikamyzy has kämilleşdirmäge we fiziki taýýarlygymyzy ýokarlandyrmaga çalyşýarys. Biz uly hyjuw we höwes bilen ähli güýjümizi ýeňiş gazanmak üçin sarp etmäge taýyn. Eden yhlasymyzyň netije berjekdigine ynanýarys, janköýerlerimiz meýdançadaky çykyşymyza buýsanarlar diýip umyt edýäris — diýip, ýygyndy toparyň kapitany sözüniň üstüni ýetirýär.

Şeýle hem Amanow milli ýygyndynyň janköýerlerine minnetdarlyk bildirdi: — Biziň ýeňjekdigimize bolan dowamly goldawyňyz we ynamyňyz üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys. Bilelikde has uly üstünliklere ýetip bileris! Eýran bilen boljak oýna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys we ýeňiş üçin bar güýjümiz bilen göreşmäge taýýardyrys!

19-njy martda tälimçi Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň milli ýygyndysy Tährana bardy. Uzak wagtlyk uçuşdan soň, topar ýeňil türgenleşik geçirdi.

20-nji martda Aşgabat wagty sagat 18:30-da Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisiniň metbugat maslahaty meýilleşdirilýär.

Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky duşuşyk 21-nji martda Tähranyň Azady stadionynda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.

Ýene degişli makalalar

6-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Mergen Orazow Özbegistan bilen boljak oýundan öň nämeler diýdi?!
26-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň ýygyndysy Eýrandan kiçi hasap bilen ýeňildi
TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi