Milli ykdysadyýetimizde belent sepgitler

Milli ykdysadyýetimizde belent sepgitler

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady-durmuş ösüşleri netijeli häsiýete eýe bolýar. Milli Liderimiziň başda durmagynda durmuşa geçirilýän işleriň ählisi ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejelere ýetmegine ähli amatlyklary döredýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ösüşleriň gazanylmagynda döwlet Maksatnamalarynyň döwrebap, kämil bolmagynyň ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen kabul edilen Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna we Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna esaslanyp, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şeýle hem bank ulgamynda düýpli öňegidişlikler gazanylýar.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bank ulgamynda hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar.Bank ulgamy milli ykdysadyýetimizi maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup, bu ulgamyň sanlylaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürmäge, hyzmatlaryň döwrebap görnüşlerini hödürlemäge, harajatlary we wagty tygşytlamaga ýardam berýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda bank kartlary bilen töleg terminallary arkaly geçirilýän hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek hem-de halkara tejribesiniň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Olaryň arasynda milli kartly töleg ulgamy boýunça elektron tölegleri geçirmegi ýola goýmak aýratyn orun eýeleýär.Bu bolsa öz gezeginde nagt däl hasaplaşyklary ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde pul serişdeleriniň dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga amatly şertleri döredýär.

Türkmenistanyň Türkmenistan döwlet täjirçilik banky tarapyndan ýurdumyzyň raýatlaryna hödürlenilýän Altyn asyr, Maşgala bank karty, Goýum bank karty, Owerdraft karty nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly hökmünde raýatlarymyz tarapyndan uly isleg bilen peýdalanylýar.

Bank kartlarynyň ulanylmagy, zähmet haklarynyň onuň üsti bilen tölenilmegine, ygtybarly pul geçirimleriniň gysga wagtda nagt däl görnüşinde amala aşyrylmagyna, karz almak we goýum goýmak işleriniň kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda hereket edýän plastik kartlary bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde töleg geçirmek hyzmaty ýola goýuldy we söwda nokatlarynda, ýangyç guýujy beketlerinde, uçar we demir ýol üçin petekleriň satylýan ýerlerinde, poçta bölümlerinde, dermanhanalarda hem-de beýleki nokatlarda bank kartlary bilen ýygymsyz tölegleri geçirip bolýar.

Nagt däl tölegler baradaky ähli maglumatlar bolsa töleg geçirijiniň ykjam telefonyna SMS habary arkaly gelip gowuşýar.Netijede, ýurdumyzyň bank kartlarynyň, ornaşdyrylýan terminallaryň sany hem-de bank kartlary bilen amala aşyrylýan nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi ýylsaýyn artýar.

Ulgamymyz tarapyndan 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap bankyň müşderileriniň ählisiniň Altyn asyr bank kartlaryna Cash back bank hyzmaty birikdirildi.Cash back bank hyzmaty — bu bank kartlary arkaly harytlar we hyzmatlar nagt däl görnüşinde satyn alnanda müşderileriň Altyn asyr bank kartlarynyň hasabyna tölenilýän pul sylagy bolup durýar.

Müşderilerimiz ýurdumyzyň söwda nokatlarynda harytlar we hyzmatlar üçin nagt däl görnüşinde töleg terminallary arkaly hasaplaşyklary geçirenlerinde, ähli amallaryň belli bir bölegi Altyn asyr bank kartlaryna pul sylagy hökmünde yzyna gaýtarylýar.

Pul sylagy her aýyň soňundan gelýän aýyň 5-ne çenli müşderilerimiziň bank kartlaryna geçirilýär.Türkmenistanyň Türkmenistan döwlet täjirçilik banky tarapyndan Cash back bank hyzmatynyň amatlylygyny has-da artdymak maksady bilen, 2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, 2020-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç guýujy beketlerinde ýangyç üçin nagt däl görnüşinde töleg terminallary arkaly hasaplaşyklary geçirenlerinde Altyn asyr bank kartlaryna berilýän pul sylagynyň Cash back möçberi 0,5 göterimden 2 göterime çenli, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň egin-eşik hem-de aýakgap önümlerini satýan dükanlarda Türkmenistanyň bank ulgamy tarapyndan gurnalan töleg terminallar arkaly nagt däl hasaplaşyklar geçirilende, degişli bank kart hasaplaryna berilýän pul sylagynyň (Cash back) möçberi 3 göterim derejesinde ýokarlandyryldy.

2020-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Türkmenistan döwlet täjirçilik banky Altyn asyr bank kartlaryny saklaýjy müşderiler üçin Owerdraft bank hyzmatyny hödürledi.Owerdraft bank hyzmaty — bu bank kartynyň galyndysy azalyp töleg geçirmek üçin pul serişdesiniň ýetmedik ýagdaýynda, müşderä bank tarapyndan berilýän gysga möhletleýin karz serişdesi bolup durýar.

Adaty karzlardan tapawutlylykda, Owerdraft karzy dikeldilýän bolup durýar, ýagny müşderi bir gezek banka bu hyzmaty açmak üçin arza berensoň, 2 ýylyň dowamynda bu karzdan zerurlygyna görä peýdalanyp bilýär.

Mundan başga-da Internet bank hem-de Mobil bank ulgamlarynyň üsti bilen ykjam aragatnaşyk hyzmatlar üçin, karz we onuň göterimlerini tölemek, howa hem-de demir ýol gatnawlary üçin, şäherara awtobus gatnawlary üçin elektron peteklerini almak, karzy we onuň göterimlerini tölemek, karz hasabynyň hereketini görmek hyzmatlarymyz hödürlenilýär.

Şahsy taraplaryň karz almak üçin ýüz tutmalary we resminamalary Online tertipde bankyň resmi web-saýtynyň üsti bilen amala aşyrmak ýaly hyzmatlar hödürlenip başlandy.

Bankyň müşderileri bolan döwlet we hususy taraplar Internet bank ulgamynyň üsti bilen edaradan çykan öz bank hasaplaryny ýöredip bilmekleri üçin hyzmatlar taýýar edildi. Internet bank arkaly müşderi-bank özara gatnaşygy has işjeň bolup, bank hyzmatlaryny öndüriji bilen ulanyjynyň arasyndaky aralyk bellibir derejede gysgalyp, hyzmat edilmeginiň san we hil babatynda ösmegine ýardam eder.

Nagt däl hasaplaşyklar ykdysadyýetde pul dolanyşygynyň öz wagtynda, doly we dogry aýlanmagyny, haryt-pul gatnaşyklarynyň kämil bolmagyny üpjün edýär. Sanly ykdysadyýet arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklar pul dolanyşygyndan kagyz pullary çykarmak, saklamak, nagt hasaplaşyklarda ýüze çykýan uly möçberdäki beýleki goşmaça çykdajylaryň azalmagyna, netijede müşderi bilen özara hereket etmek üçin sarp edilýän wagtyň we pul serişdeleriniň tygşytlanmagyna ýardam berýär.

Türkmenistanyň Türkmenistan döwlet täjirçilik banky Goýum bank karty atly bank hyzmatyny hem hödürleýär. Goýum bank karty Altyn asyr plastik kart töleg ulgamynyň ähli amatlyklary bilen goýum bank kart hasabyndaky pul serişdelerine ýyllyk 7 göterim derejesinde göterim hasaplanýar.

Bankymyz ýurdumyzyň raýatlaryna özleriniň süýşürintgilerini ýerleşdirmeklerini höweslendirmek maksady bilen, Bagtyýar lukman, Rowaç goýumy, Bagtyýar nesil ýaly amatly goýumlaryny hem hödürleýär.

Türkmenistanyň Türkmenistan döwlet täjirçilik banky hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda alnyp barylýan kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak baradaky syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, kärhanalara, hususy telekeçilere, daýhan hojalyklaryna we kärendeçi — oba hojalyk önümlerini öndürijilere maýa goýum taslamalary üçin möhleti 10 ýyla çenli, dolanyşyk serişdelerini almak üçin möhleti 1 ýyla çenli ýeňillikli karzlary hödürleýär.

Ýeňillikli karzlar önüm öndürijilere bar bolan önümçilikleri gurnamak, giňeltmek, durkuny täzelemek we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, şol sanda kiçi önümçilik üçin enjamlary, kiçi göwrümli tehnikalary, çig mallary, ýarym çig mallary satyn almak, gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek, ilata durmuş taýdan hyzmat etmegi ösdürmek, azyk senagatyny ösdürmek maksatly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ýyllyk 5 göterim bilen berilýär.

Oba hojalyk önümlerini öndürijilere karz bermek oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de suwy tygşytlaýjy tehnikalary enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhletli berilýär.

Maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, ýyladyşhanalary gurnamak, oba hojalyk önümlerini, gök, miwe we bakja önümlerini öndürmek, olary saklamak we gaýtadan işlemek, oba hojalyk işlerini ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlet bilen berilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin belent maksatly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ogulbahar ATABAÝEWA,

Türkmenistanyň Türkmenistan döwlet täjirçilik bankynyň Ahal şahamçasynyň esasy hünärmeni.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22748

Ýene degişli makalalar

Bank ulgamynda innowasiýalar: uzak aralykdan tölegleri geçirmek
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Startup, täjirçilik pikiri we taslamasy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Hyzmatlary dolylygyna online usulyna geçirmek müşderileriň rahatlygy
Online okuw sapagy
Ussatlyk sapagy
Daşary ýurt metbugatyna syn