Aşgabatda BMG-nyň ÝeYT-nyň “Senagat heläkçiliginiň serhetüsti täsiri hakyndaky” konwensiýasynyň jähtinden Merkezi Aziýada senagat howpsuzlygyny berkitmek boýunça bilermenler toparynyň maslahaty geçirildi. Taslama serhetüsti senagat heläkçilikleri ýüze çykanda sebitiň mümkinçiligini güýçlendirmäge gönükdirilendir, ol, degişli kanunçylygy, şeýle hem institusial hyzmatdaşlygy işläp taýýarlamakda we kämilleşdurmekde tejribesini teklip edýän Russiýa Federasiýasynyň maliýe taýdan goldaw bermeginde durmuşa geçirilýär.
Çäre BMG-nyň Ýewropa ykdysady toparynyň we BMG-nyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamsynyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdelri baradaky döwlet komiteti tarapyndan gurnaldy.Oňa ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Goranmak ministrliginiň Halas ediş işleri we raýat goranyşy baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komityetiniň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet komitetiniň, “Türkmengaz” DK-nyň, “Türkmenhimiýa” DK-nyň, “Türkmenhowaýolary” Döwlet milli gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygň maksady- BMG-nyň ÝeYT-nyň serhetüsti senagat heläkçilikleri barada konwensiýasynyň düzgünleri bilen tanyşdyrmakdyr.
-Serhertüsti senagat heläkçilikleriniň öňüni almak we onuň netijelerini aradan aýyrmak babatda hereketleri jebisleşdirmek ýaşaýyş gurşawynyň durnukly ösüşi we howpsuzlygy üçin möhümdir,--diýip, BMG-nyň ÝeYT-nyň senagat heläkçilikleri barada konwensiýasynyň sekretariatynyň daşky gurşaw boýunça bölüminiň bilermeni Ýelena Rubaç belledi.- Häzirki wagta çenli konwensiýany döwletleriň 41-si goldady.
Elbetde, resminama goşulmak belli bir borçlary belleýär, ýöne köptaraplaýyn habardarlygy üpjün etmäge we özara kömege gelmäge, diýmek, has ýakyn ynanyşma ýagdaýyny döretmäge mümkinçilik hem berýär—diýip, hanym Rubaç nygtady.
Maslahatda halkara bilermenleri—Russiýa Federasiýasynyň senagat howpsuzlygy Ylmy-tehniki merkezi ÝaPJ-niň baş direktory, tehniki ylymlaryň doktory,professor Ýelena Klowaç we Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlygy müdirliginiň baş hünärmeni Ýewgeniý Baranowskiý çykyş etdiler.
Olar BMG-nyň ÝeYT-nyň konwensiýasynyň öz ýurtlarynda durmuşa geçirilişi barada gürrüň berdiler.Okuwyň iki we ondan köp ýurduň bähbitllrine degýän senagat heläkçiligi ýüze çykanda özara hereketleri işjeňleşdirmäge gönükdirilendigi nygtaldy. Ýelena Klowaç konwensiýa goşulan Russiýada Federal Kanunyň hereket edýändigini, Russiýadaky önümçilikleriň birnäçe müňüsiniň onuň gözegçiligine alnandygyny belledi.
Belarusyň wekili öz ýurdunyň konwensiýa goşulmasa-da, onuň düzümleriniň işine, şeýle hem sekretariatyň guraýan çärelerine gatnaşýandygyny belledi.
Gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda sebitiň durnukly ösüşini we netijeli döwletara özara hereketini gazanmak üçin bu mesele babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurlygyna üns çekildi.