Aşgabatda öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak boýunça iki günlük seminar geçirildi, ony Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdelri baradaky döwelt komiteti Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde “ Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda Merkezi Aziýada durnuklly ösüş üçin ýerden durnukly peýdalanamak” sebit maksatnamasynyň çäklerinde gurady.
Duşuşyk Türkmenistanyň “Öri meýdanlary hakynda” Kanunyna kanunçylyk namalaryny taýýarlamaga gönükdirilendir.Oňa milli parlamentiň, Oba we suw hojalyk ministrliginiň wekilleri, Ahal we Lebap welaýatlarynyň ýer serişdelri boýunça welaýat we etrap müdirlikleriniň, şeýle hem “Türkmenýertaslama” Döwlet taslama institutynyň we Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň işgärtleri gatnaşdylar.
Ara alnyp maslahatlaşmaga TYA-nyň maldarçylyk we weterinariýa, biologiýa we dermanlyk ösümlikleri institutlarynyň işgärleri, şeýle hem telekeçi maldarlar we ekologiýa jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary gatnaşdylar.
“Öri meýdanlarynyň ýagdaýy we olardan rejeli peýdalanmak—maldarçylyk ulgamynda durnukly ösüşiň faktorlarynyň biridir,--diýip GIZ Sebit maksatnamasynyň wekili Sara Robinson belledi.—Bu çäre döwlet, jemgyýetçilik we hususy tebygatdan peýdalanyjylaryň netijeli gatnaşygyna, pikir alyşmasyna, şeýle hem türkmen hünärmenlerini beýleki ýurtlarda öri meýdanlaryndan peýdalanmagyň tejribesi we olary goramak işi bilen tanyşdyrmaklyga gönükdirilendir”.
Duşuşykda halkara bilermenleri Hytaýda, Mongoliýada, Gyrgyzystanda we Şweýsariýada geçirilen ýer reformalary barada çykyş etdiler.Pekin uniwersitetiniň ekologiýa menejmenti boýunça professory, doktor Li Wenjun maldarçylykda, şol sanda Tibetiň belent daglarynda maldarçylykda peýdalanylýan ýerleri barlamagyň ýigrimi ýyllyk işiniň netijeleri barada gürrüň berdi, barlaglarda durmuş-ykdysady görkezijiler—maldarlaryň önümçilige çykdajylary we girdejileri, şeýle hem iýmleriň gymmatlygy we ösümlikleriň az ösmegi netijesinde çykdaja galmaklary seljerildi. Öri meýdanlarynda hojalygy ýöretmegiň jemgyýetçilik meýletin peýdalanylyşyndan kärendä alnyşyna çenli dürli görnüşerli deňeşdirldi.
Camp Alatoo Jemgyýetçilik gaznasynyň öri meýdanlaryny dolandyrmak boýunça bilermeni Žyrgalbek Kožomberdiýewiň çykyşy uly gyzyklanma döretdi.Ol Gyrgyzystanda öri meýdanlaryny dolandyrmagyň gurallary barada gürrüň berdi.Mysal üçin, ýerleriň sandan çykmagynyň öňüni almak üçin olary karta salmak, ýyllyk geodeziki barlglar geçirmek, öri meýdan dolanşygy ulanylýar. Ýurtda kärendäniň ähli görnüşlerinden ýüz öwrülip, ýyllyk öri meýdan petekleri girizilip, onda hökmany ekologiýa çäreler bellenilen. Ýerden peýdalanmak we olaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek diňe döwlete degişlidir.
Gyrgyzystanly myhmanyň belleýşi ýaly, onuň ýurdunyň öri meýdanlary hakyndaky kanunçylygy hojalygy ýöretmegiň ekologiýa kadalaryny berjaý etmek, döwletiň bähbitlerine eýermek, ownuk mal eýelriniň we çopanlaryň, şeýle hem ýerli ilatyň, dermanlyk ösümliklerini ýygnaýanlaryň, syýahatçylaryň hukuklaryny goramak we ş.m. ýagdaýlar göz öňünde tutulan.
Paçlardan alynýan serişdelriň üçden iki bölegi belent daglardaky we düzlüklerdäky ýaýlalary saklamaga gönükdirilýär, öri meýdanlarynyň ösümlikleriniň katalogy neşir edildi, bütewi maglumatlar binýady döredilýär.
Mongoliýada maldarçylyk oba hojalyk ömümçiliginiň esasy pudagydyr, şol sebäplem bu ýurduň tejribesi-de seminara gatnaşanlarda gyzyklanma döretdi. Öri meýdanlarynyň monitoringi we olara baha bermek boýunça hühärmen Baýarmaa Çimedsereniň belleýşi ýaly, sähra sonarlyklarynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy bakylýan mallaryň baş sanynyň berk düzgünleşdirilmelidigini, peýdaly ýerleriň jemgyýetçilik gözegçiliginde bolmalydygyny görkezdi.
Tokaý sähralyklaryndan tä çöllük we belent daglyk ýerleriň sähralyklarynyň hersiniň özüne niýetlenen dolandyryş usullary ulanylýar.Munuň üçin ýönekeý usul ulanylýar, ýagny GIS-tehnologiýalaryň easasynda barlag meýdanlary surata alnyp, kompýuterde işlenilenden soň öri meýdanlaryndaky otlaryň ýagdaýy belli bolýar.
Bu bolsa, şol ýerlerden nä derejede peýdalanyp boljakdygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Halkara bilermenleriniň gatnaşmagyndaky ýörüteleşdirilen toparlarda bölümler boýunça özara maslahatlar uly gyzyklanma döretdi.Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Ahal welaýatynyň ýerleri dolandyrmak baradaky müdirliginiň baş hünärmeni Jepbarguly Hojagulyýew seminaryň örüde bakylýan maldarçylgyga ýörüteleşen ýurtlaryň tejribesini seljermäge mümkinçilik berendigini nygtady.
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Könegümmez obasyndan telekeçi, “Toraňňy” HJ-nyň direktory Gurbanmuhammet Abdyrahmanow öz saklaýan gara mallaryny otluk dag örülerinde bakýar.Ol pikir alyşmalara oňyn baha berdi, çünki et we süýt öndürýän hususy hojalyklaryň önümleriniň hili we geljegi öri meýdanlarynyň ýagdaýyna baglydyr.
Seminaryň ikinji güni bu ulgamda milli kanunçylyk boýunça işe çekilen ugurdaş edaralaryň hünärmenleri üçin maslahat geçirildi.Durnukly ösüş döwletara toparynyň Ylmy-maglumatlar merkeziniň işgäri, hukuk ylymlarynyň kandidaty Ýolbars Kepbanowyň aýtmagyna görä, “Öri meýdanlary hakyndaky” Kanuna birnäçe ugur boýunça kadalaşdyryjy-hukuk namalary taýýarlanylýar.
Ilkinji nobatda, öri meýdanlaryny kärendesine bermek, kesgitlenen meýilnama görä dolandyrmak, öri meýdanlaryndan peýdalanýanlaryň birleşigine salgyt salmak boýunça düzgünlere üns berilýär. Şeýle hem mejlis şuňa meňzeş işleriň usullaryna we düzgünlerine hem-de mundan beýläk bilelikdäki çäreleri meýilleşdirmäge bagyşlandy.