Milli puluň we ýadygärlik teňňeleriň täze görnüşleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli hümmeti 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manada deň bolan banknotlaryň täze 2017-nji ýylyň modifisirlenen nusgalaryny, şeýle hem her haýsynyň hümmeti 100 manada deň bolan “Aşgabat Olimpiýa stadiony” atly altyn we kümüş ýadygärlik şaýy pullaryny dolanyşyga çykardy.

Ýurdumyzyň Merkezi bankynda geçirilen metbugat maslahatynda habar berlişi ýaly, banknotlaryň ýüz taraplarynyň reňki we şekili öňki durkunda saklanyp, olaryň hemmesinde “Aşgabat 2017” oýunlarynyň nyşany şekillendirilen.

Banknotlaryň arka tarapynda Aşgabat şäherinde täze gurlan Halkara howa menzili, “TürkmenÄlem 52oE “emeli hemrasy we paýtagtymyzda öňde boljak giň möçberli sport ýaryşlary mynasybetli bina edilen käbir desgalar şekillendirildi.

2017-nji ýylyň nusgasyndaky milli banknotlaryň gorag alamatlarynyň güýçlendirilmegi olaryň häsiýetli aýratynlyklarydyr. Şeýlelikde, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany ýörite goragly çap etme usulynda ýerine ýetirildi.

Mundan başga-da, reňkini üýtgedýän ýörite boýag bilen ýasalan nominal san 1 we 5 banknotlarda täze çap etme usulynda, uly nominallarda täze kämil Spark® Live boýagynyň Dýuna — küşt tagtasy görnüşinde ýerine ýetirildi.

Banknotlaryň ýüz tarapynda onuň çap edilen senesi we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň golunyň faksimilýesi görkezildi.

Bu banknotlar ýurdumyzyň ähli çäklerinde eýeçiliginiň görnüşine we alyp barýan işine garamazdan, edara-kärhanalaryň ählisi tarapyndan tölegler üçin nominal gymmaty boýunça kabul edilmäge degişlidir.

Merkezi bankyň 2009-njy, 2012-nji we 2014-nji ýyllaryň nusgasyndaky ähli banknotlary Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi hökmünde güýjüni saklaýar.

Pul serişdeleriniň hakykylygyny takyk kesgitlemek üçin bäşden az bolmadyk gorag alamatlaryny barlamak zerur bolup durýar. Olar baradaky maglumatlar bilen ýurdumyzyň Merkezi bankynyň Internet sahypasynda tanşyp bolýar. Olar şu sahypada: http://www. cbt. tm ýerleşýär.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Merkezi banky öňde boljak taryhy ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli nobatdaky ýadygärlik şaýy pullaryny çykardy. Munuň özi millionlarça adama Türkmenistany parahatçylygyň, rowaçlygyň we gülläp ösüşiň ýurdy hökmünde görkezmäge gönükdirilen anyk çärelerdir.

“Aşgabat Olimpiýa stadiony” atly ýadygärlik şaýy pullar toplumy Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy Beýik Britaniýanyň “The Royal Mint Limited” zikgehanasynda ýasaldy.

Şaýy pullaryň ikisiniň hem ýüz tarapynyň merkezinde Aşgabat Olimpiýa stadionynyň şekili ýerleşdirildi. Pullaryň ýüz tarapynyň ýokarky böleginde “ÝAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA V AZIÝA OÝUNLARY” diýlen ýazgy, aşaky böleginde bolsa “AŞGABAT OLIMPIÝA STADIONY” diýlen ýazgy ýerleşdirildi.

Şaýy pullaryň ikisiniň hem arka tarapynyň merkezi böleginde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirildi.Onuň daşyndan pullaryň ýokarky böleginde aýlaw bilen “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY” diýlen ýazgy, aşaky böleginde bolsa “ÝÜZ MANAT” ýazgysy ýerleşdirildi. 38,61 millimetr diametrde ýasalan ýadygärlik şaýy pullaryň mähegi — altyn pulunda Au 916,7 we kümüş pulunda bolsa Ag 925 görkezildi. Ýazgylar öz aralarynda sekiz burçly ýyldyz görnüşindäki şekiller bilen bölünen.

Olara goşulýan ýurdumyzyň Merkezi bankynyň güwänamasy şaýy pullaryň “pruf” hilini kepillendirýär.

Munuň özi Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň Merkezi bankynyň ozal çykaran şanly seneler mynasybetli ýadygärlik şaýy pullarynyň üstüni ýetirmek bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nobatdaky nyşanyna öwrüler.Bu gymmatly numuzmatik toplumyň üstüni ýetiren täze pullar we ýadygärlik şaýy pullary ýurdumyzyň ilatynyň buýsanjy bolmak bilen, köp sanly daşary ýurtly pul ýygnaýjylar hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň myhmanlary üçin ajaýyp sowgat bolar.

Ýene degişli makalalar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary
11.09.2017 | Milli puluň we ýadygärlik teňňeleriň täze görnüşleri
Beýik Britaniýada şa aýalyň hormatyna şaýy pul çykarylar
Dünýä Kubogyna 1 ýeňiş galdy
Kabulda Guralan Bombaly Hüjümlerde 2 Adam Ýogaldy
YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň XV sammiti mynasybetli şaýy pullar