Milli mirasymyzyň mynasyp waspy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulýar. Ýurdumyzyň her bir güni guwandyryjy we buýsandyryjy wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyp zamanada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşdir özgerişlerini, halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny, ruhy mirasyny wagyz etmekde hem uly işler alnyp barylýar.

Halkymyzyň pähim-paýhasyndan, eli çeper ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halylardyr gülli keçeler, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslar, inçelik bilen edilen el işleri hiç haçan bahasyny ýitirmejek milli gymmatlyklarymyzdyr. Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän el işleriniň ählisi-de nepis sungat hasaplanylýar.

Milli lybaslarymyzdaky her bir nagşymyz görenleri haýrana goýýar. Türkmen tebigatynyň gülünden, gunçasyndan nusga alnyp, döwrebaplaşdyrylyp döredilen nagyşlar bu günki gün milli lybaslarymyzy bezeýär. Keşdedir gaýmalar, halydyr palaslar, kilimler ýüreklerde baky orun alan gözelliklerdir.

Keşdeçilik sungaty milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däpleriniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Bu sungatyň dünýä üçin ähmiýetiniň ykrar edilmegi ony aýawly saklamaga ýardam edip, halklaryň medeni gatnaşyklaryny has-da berkider. Ony ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Umumadamzat ähmiýetli milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmäge hödürlemek boýunça degişli resminamalary we wideorolikleri taýýarlamak işleri ýerine ýetirildi. Şonuň bilen birlikde, bagşyçylyk sungatymyzy, dutar ýasamak senediniň aýratynlyklaryny açyp görkezýän resminamalar we wideorolikler taýýarlanyldy.

Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň bu abraýly sanawyna Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň we seýislemegiň medeniýetini girizmek üçin zerur maglumatlar toplanyldy.Häzir bu sanawa Türkmen alabaý itini terbiýelemegiň milli tejribesini girizmek boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Milli mirasymyz jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bir bölegidir. Türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary asyrlaryň uzak heňňamlarynyň dowamynda barha baýlaşyp, kämilleşip gelýär. Häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli-ruhy medeni mirasyny öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär.

Müňýyllyklaryň içinden baý tejribe toplap gelen halkymyzyň dünýä nusgalyk mirasy, milli gymmatlyklary, edim-gylymy we ajaýyp däp-dessury bar. Bu gymmatlyklar ösdürilip, kämilleşdirilip biziň günlerimize ýetirilipdir.

Gadymy hem-de baý milli mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmäge, olaryň ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

Azymberdi GARRYÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy.

The post Milli mirasymyzyň mynasyp waspy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmen türgenleriniň nobatdaky üstünligi
Atdyr ýigidiň myrady
Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi hem-de ýaşaýyş jaý toplumyny açdy
Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi hem-de ýaşaýyş jaý toplumyny açdy
20.11.2020 | Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi hem-de ýaşaýyş toplumyny açdy
Birinji liganyň Lebap zolagynda 12-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi