Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan joşup çykan Ömrümiň manysy“ atly ajaýyp eserine esaslanyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet Neşirýat gullugy bilen bilelikde Milli mirasymyz egsilmez baýlygymyz“ atly duşuşygynyň çaklerinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden sergi gurnaldy.
Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýewgeniýa Adamowanyň Türkmen gyzlary“ Irisler“, Ýakup Annanurowyň Tikinçiler“, suratkeşler Annasapar Amanmämmedowyň Gözeller“ Walentin Kudrýaşowyň “Parfiýa ýaýlasy” Merdan Kakabaýewiň “Gözellik“, Sülgün Hojagulyýewanyň Gara çyrpyly gelin“, Üme“, Ýewgeniý Grişiniň Tomus güni“ atly nakgaş eserleri ýerleşdirildi.
Ol eserlerde ene-mamalardan gözbaş alyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ajaýyp sungat derejesine göterilen türkmen zenanlarynyň el işleri we diýarymyzyň gözel tebigaty barada söhbet açylýar.