'Milli medeniýet' bilen düşündirilýän diskriminasiýa. 'Amnesty International', Türkmenistanda adam hukuklaryna baha berdi

'Milli medeniýet' bilen düşündirilýän diskriminasiýa. 'Amnesty International', Türkmenistanda adam hukuklaryna baha berdi

Adam hukuklaryny goraýan "Amnesty International" guramasynyň 2023-nji ýyl boýunça hasabatyna görä, milli däp-dessurlaryň arkasynda gizlenýän türkmen häkimiýetleri aýal-gyzlary we jynsy azlyklary (LGBT ) kemsitmegi dowam etdirýär. Bütin dünýäde adam hukuklarynyň ýagdaýy baradaky ýyllyk hasabatda türkmen häkimiýetleriniň ýurduň içinde we daşyndak islendik tankydy basyp ýatyrmak üçin ençeme ýyllap alyp barýan kampaniýasynyň has-da güýçlenýändigi bellenýär.

"Amnesty International" öz ýyllyk hasabatynda 155 ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýyna syn berdi. Guramanyň başlygy Agnes Callamard hasabatyň dünýäde köp sanly repressiýalar we adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly “gaty erbet ýagdaýy açyp görkezýändigini” aýtdy.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Türkmenistanda häkimiýetler aýal-gyzlary we LGBT adamlaryny kemsidip, adam hukuklaryny, azatlyklaryny we beden özbaşdaklygyny esassyz çäklendirýär.

Häkimiýetler aýallara garşy zorlugyň ähli görnüşlerini we gender zorlugyny kriminallaşdyrmak boýunça giňişleýin kanun kabul etmekde öňegidişlik gazanyp bilmedi.

Iýun aýynda BMG-nyň aýal-gyzlara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça komiteti Türkmenistanda gender zorlugy baradaky patriarhal garaýyşyň dowam etmegine aýratyn alada bildirdi.Geňeş aýal-gyzlaryň "jyns stereotiplerine laýyk gelmäge" mejbur edilýändikleri we olaryň "esasy azatlyklarynyň" çäklendirilendigi we olaryň "medeniýeti we milleti goramak bahanasy bilen, şol sanda geýim, daşky görnüş düzgünleri we beýleki diskriminasiýa çäreleri arkaly" çäklendirmelere sezewar edilýändigi üçin alada bildirdi diýlip, "Amnesty International" guramasy hasabatynda ýatladýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri aýal-gyzlara garşy kemsidilmeleriň bardygyny boýun almakdan ýüz öwürýärler, şol bir wagtyň özünde-de ýurduň adam hukuklary babatda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ters gelýän aýal-gyzlara garşy takyk eden-etdilikli ýagdaýlary “milli däp-dessurlaryň” talaplary bilen düşündirmäge synanyşýarlar.

Azatlygyň habarçylary aýallaryň daşky görnüşi we özüni alyp barşy bilen baglanyşykly dürli çäklendirmelere sezewar bolýandyklaryny yzygiderli habar berip gelýärler. Býujet işgärleri we studentler geýim talabyny berjaý etmäge mejbur bolýarlar we geýjek zatlaryny saýlamak hukugyndan mahrum edilýärler, aýallar awtoulag sürmek meselesinde basyş astynda galýarlar we gyz okuwçylar yzygiderli ginekologiki barlagdan geçmäge mejbur edilýärler.

"Amnesty International" öz hasabatynda jyns azlyklara garşy diskriminasiýany hem bellendi. Aprel aýynda BMG-niň Adam Hukuklary Geňeşi türkmen häkimiýetleriň bir jynsly gatnaşyklary kanunlaşdyryp bilmändigine we polisiýanyň olar babatyndaky wagşylygyna aladalanma bildiripdi. Bu ýagdaýda LGBT adamlary gorky astynda galýar we özlerine garşy edilýän zulum barada habar bermeýär, diýlip hasabatda bellenýär.

Hasabatda Türkmenistanda adam hukuklary bilen baglanyşykly agzalan beýleki meseleler hökümetiň internete gözegçilik etmegini; howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin täsirli çäreleriň bolmazlygy, pagta önümçiliginde mejbury zähmetiň ulanylmagy we hökümetiň jemgyýetde tankytlaryň hem-de parahatçylykly pikirleriň ähli görnüşlerini basyp ýatyrmak üçin çäre görmegini, şol sanda aktiwistleri we olaryň ýakynlaryny yzarlanmagyny öz içine alýar.

Hasabatda aýdylmagyna görä, häkimiýetler raýatlaryň parahatçylykly ýygnanyşmak azatlygyna bolan hukugyny berk gözegçilikde sakladylar we azygyň, adalat we saglygy goraýyşyň ilata elýeterli bolmazlygy ýaly sosial we ykdysady meseleler bilen baglanyşykly öz-özünden dörän ownuk protestleri basyp ýatyrmaga synanyşdylar.

Mart aýynda polisiýa paýtagt Aşgabatdaky prezident köşgüniň daşynda ýygnanan 30-a golaý zenany tussag etdi, olar polisiýadaky korrupsiýa barada aladalary barada ýerli we sebit häkimiýetlerine ýüz tutup bilmän, muny prezidente ýetirmek isledi. Aýal-gyzlar polisiýa bölümine äkidildi, alty sagatdan gowrak wagtlap azykdan we suwdan mahrum edildi we boşadylmazdan ozal tussaglygyna degişli resminamalara gol çekmäge mejbur edildi.

Aprel aýynda polisiýa ýüzlerçe demonstrantyň Mary şäherindäki ýerli çörek kärhanasynda çörek ýetmezçiligine garşy eden çykyşlaryndan soň 15 adamy tussag etdi. Polisiýa esasy ýolda ulaglary petikleýän demonstrantlary dargatmak üçin deňsiz-taýsyz güýç ulandy.

Adam hukuklary guramasy öz hasabatynda mart aýynda BMG-niň Adam Hukuklary Komiteti tarapyndan garaşsyz žurnalist Nurgeldi Halykowyň, raýat jemgyýeti aktiwisti we blogçy Myrat Duşemowyň we adam hukuklary boýunça aktiwist Mansur Mingelowyň tussaglykdaky ýagdaýyna çynlakaý alada bildirlendigini ýatladýar.

Şeýle-de, hasabatda türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlarda ýaşaýan aktiwistleri we tankytçylary nyşana alyp, olaryň maşgalalaryna azar berendigi, Türkiýede ýaşaýan aktiwist we blogçy Dursoltan Taganowanyň Türkmenistandaky 12 ýaşly oglunyň Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň işgärleri tarapyndan sorag edilendigi we beýleki garyndaşlarynyň gorkuzylandygy aýdylýar.

Adam hukuklaryny goraýjy Amnesty International guramasy Türkmenistanyň halkara adam hukuklary guramalary we garaşsyz daşary ýurt habar beriş serişdeleri üçin ýapyk galýandygyny we munuň içerki senzura bilen bilelikde maglumat ýygnamagy çäklendirýändigini belleýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Azatlygyň dokumental filminden soň, LGBTQ+ wekillerine garşy basyş güýçlenýär
Lebapda ten satýan aýallara we LGBTQ+ wekillerine garşy reýd geçirilýär
Türkmenistanda “gülençi” diýilýänleriň sudy “adalatsyz boldy”
Türkmenistanda aktiwistler gorkuzylýar, söz azatlygynyň çygry daraldylýar
Türkmenistanda aktiwistler gorkuzylýar, söz azatlygynyň çygry daraldylýar
AI: Türkmenistan türmede daşarky dünýäden üzňe saklamak meselesini çözmedi