Bank ulgamy ykdysadyýetiň aýrylmaz düzüm bölegidir. Şonuň üçin onuň ykdysady ösüşe hyzmaty diňe ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen sazlaşykly, kadaly hereket edýän ýagdaýynda doly derejede ýüze çykýar. Ýurdumyzda bank ulgamynyň kanuny binýadyny berkitmäge, geçirilýän gözegçilik işlerini güýçlendirmäge, pul-karz işini kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Halkara maliýe-karz guramalary bilen işjeň aragatnaşyk saklanylýar.Maýa goýum işini maliýeleşdirmekde uzak möhletli bank karzynyň paýynyň ýokarlanmagyna, müşderilere edilýän bank hyzmatlarynyň görnüşini artdyrmaga we hiliniň gowulanmagyna, elektron resminama dolanyşygy arkaly sanly bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge degişli hukuk esaslary pugtalandyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 14-nji martynda “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, 2019-njy ýylyň fewral aýynda kabul edilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” we “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň milli bank ulgamyny ösdürmekde, ýokary hilli bank amallaryny ýerine ýetirmekde bellenen ugurlar boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.
Bu gün nagt däl hasaplaşyklary ýerine ýetirmekde “Altyn asyr” bank kartlarynyň hasaplaşyk, goýum, karz we maşgala bank kartlarynyň dolanyşygynda hem ýerine ýetirilýän töleg-hasaplaşyk hyzmatlar yzygiderli sanlaşdyrylýar.
Hasaplaşyk bank karty nagt däl görnüşde pul geçirimlerini ygtybarly we tiz amala aşyrmaga, töleg terminallarynyň üsti bilen söwda we dynç alyş merkezlerinde satyn alnan harytlar ýa-da guralýan hyzmatlar üçin hasaplaşyklary nagt däl görnüşde ýerine ýetirmäge, bankomatlaryň üsti bilen nagt pul serişdesini almaga, öýjükli telefon hyzmatlary üçin tölegleri geçirmäge, bank karzlaryny we olaryň göterimlerini hem-de beýleki hojalyk töleglerini tölemäge giň mümkinçilik berýär. “Internet bank” ýa-da ykjam telefonlara birikdirilen “Mobil bank” hyzmatlarynyň kömegi bilen öý we öýjükli aragatnaşyk TM CELL, CDMA, Internet, IP-telewideniýe, saglyk-ätiýaçlandyryş töleglerini geçirmäge mümkinçilikler döredildi. Şeýle hem bu bank kartynyň galyndysyna ýyllyk 5% göterim derejesinde göterim hasaplanylyp, bu bank kartyň galyndysyna goşulýar.
Hormatly Prezidentimiziň karary esasynda Goýum bank karty döredilip, onda raýatlaryň wagtlaýyn ulanmaýan pul serişdelerini goýum hökmünde saklamaga mümkinçilik döredildi. Goýum bank kartynyň möçberi çäklendirilmeýär, puluň emele geliş çeşmesi anyklanmazdan, goýum bank kartynyň pul serişdelerine ýyllyk 6% göterim tölenýär. Çäklendirilmedik möçberde goýum bank kartynyň hasabyny doldurmak we yzyna almak mümkinçiligi döredilendir.
Ýurduň çäginde islendik bankomatlardan nagt pul serişdelerini almak, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl tölegleri amala aşyrmak, goýum bank kart hasabyndaky hereketler barada müşderiniň telefon belgisine SMS arkaly habar bermek mümkinçiligi döredilendir.
Goýum bank kartyna “Internet bank” we “Mobil bank” hyzmatlary birikdirildi. Şeýlelikde, gije-gündiz tertibinde internet toruna birikdirilen ähli kompýuterleriň hem-de ykjam telefonlaryň üsti bilen, bank kartdaky pul serişdeleriniň galyndysyny we geçirilen amallaryň taryhyny yzarlap bolýar.
Maşgala bank kartyndaky puly ähli maşgala bolup ulanyp bolýar.Maşgala bank kartyny maşgalanyň islendik agzasy — mekdep okuwçylary, talyplar, öý hojalykçy zenanlar, ýaşulular ulanyp bilýärler.Maşgala bank kartyny edinmek üçin banka ýüz tutulanda, arzada şulary görkezmek zerur bolup durýar: Maşgala bank kartynyň maşgalanyň haýsy agzalary üçin açyljakdygy, hepdelik ýa-da günlük sarp ediljek puluň möçberiniň çägi bellenilmelidir.
Degişli çäklerde maşgala agzasynyň belli birine niýetlenip açylan karty ulanyjy hyzmatlaryň görnüşleri, satyn alnan harytlar üçin nagt däl hasaplaşyklary geçirip bilýär.Müşderi hasaplaşyklary kompýuter enjamlarynyň, öýjükli telefonlaryň üsti bilen özüniň kart-hasaby boýunça “Internet-bank” hyzmatlaryndan peýdalanyp, tiz we amatly nagt däl hasaplaşyklary geçirip bilýär.
“Altyn asyr” bank kartlarynyň çäginde müşderilere “Owerdraft” karzy hödürlenilýär.Bu karzyň adaty karzlardan esasy tapawudy müşderiniň ýüztutmasy esasynda bir gezek açylandan soňra, 2 ýylyň dowamynda zerurlyga görä, gysga möhletli karzdan birnäçe gezek peýdalanmaga mümkinçilik döredilýär.
Müşderiniň “Altyn asyr” bank kartyna aýlyk zähmet haky geçirilenden soňra, “Owerdraft” bank karzy boýunça esasy bergi we göterim sanlaşdyrylan usulda bank kartyndan töletdirilýär. Şeýle görnüşdäki nagt däl bank karzlarynyň berilmegi, müşderileriň pula bolan isleglerini tiz kanagatlandyrýar.
“Halkbank terminal” hyzmatlary “Internetbank” we “Mobil-bank” ulgamlary arkaly edara-kärhanalaryň, telekeçileriň öz dolandyryş binasyndan banka barmazdan guralýar. Munuň özi ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan pul-karz syýasatynyň amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.
Diýarymyzda sanly ulgam arkaly nagt däl hasaplaşyklarda haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagy, milli manadymyzyň hümmetiniň kadaly derejede saklanmagy gazanylýar. Şeýle hyzmatlaryň amala aşyrylmagy bilen, bank edaralary tarapyndan müşderileriň sanly hyzmatlary üpjün edilip, olaryň hem öz gezeginde amala aşyrýan işleriniň sanly ulgamda sazlaşykly ýerine ýetirmeklerini has-da kämilleşdirmäge itergi berýär.
Milli ykdysadyýetimizi ösen döwletleriň derejesine ýetirmekde, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny berkitmekde hem-de kämilleşdirmekde, taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize jan saglyk, uzak ömür, işlerinde hemişe üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Orazmuhammet KAKABAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/11419