Milli Liderimiziň syýasatynyň maksady halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr

Milli Liderimiziň syýasatynyň maksady halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr

Geçen hepde Türkmenistanyň milli Liderimiziň baştutanlygynda parahatçylyk, döredijilik hem-de ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýän wakalara baý boldy. Şol wakalar döwürleriň hem-de nesilleriň mizemez arabaglanyşygyny, türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, belent ynsanperwer gymmatlyklaryna ygrarlylygyny tassyklap, däp bolan döwletara dostluk aragatnaşyklarynyň yzygiderli giňeldilmeginiň, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramynyň toýlanmagynyň nyşany astynda geçdi.

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi paýtagtymyzyň ýubileýini baýram etmäge taýýarlyk görmegiň meselelerine bagyşlandy.

Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da özgertmek, şäher ilatynyň abadan durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny has-da gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek, şäherde arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek biziň esasy maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak boýunça işleriň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigini belledi.

Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli Liderimizi Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli mähirli gutlap hem-de Diýarymyzyň we onuň baş şäheriniň ägirt uly üstünlikleri gazanmagynda döwlet Baştutanymyzyň örän uly hyzmatlaryny belläp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň 22-nji maýda geçirilen nobatdaky maslahatynda kabul edilen karar barada habar berdi. Şol resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedowa “Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty” diýen at dakyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmetine berlen ýokary baha üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen paýtagtynyň hormatly raýaty bolmagyň uly mertebedigini aýdyp, Aşgabadyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň we gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmagyň bähbidine zähmet çekjekdigini belledi.

Mejlisde häzir Aşgabadyň halkara hyzmatdaşlygyň merkezine, sebit we dünýä derejesindäki möhüm forumlaryň hem-de duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülendigi bellenildi. Munuň üçin zerur düzüm döredildi. Bu çäreleriň guralmagy hem-de guramaçylyk we many-mazmun taýdan ýokary derejede geçirilmegi Aşgabadyň halkara parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki abraýyny barha artdyrýar.

Häzir BMG-niň Taslamalara hyzmat ediş müdirliginiň (UNOPS) wekilhanasyny, BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) hem-de Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) wekilhanalaryny Aşgabat şäherinde açmak boýunça degişli işler geçirilýär.

ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde, Aşgabat şäherini Dizaýn döredijilik ulgamy boýunça bu guramanyň Şäherleriň ählumumy döredijilik toruna girizmek boýunça şu ýylyň ikinji ýarymynda degişli çözgüdiň kabul edilmegine garaşylýar.

Aşgabat şäheri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ýola goýlan daşary ýurt şäherleriniň 11-si bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen Milli meýilnama işlenip taýýarlanylýar.Aşgabat şäheriniň “Birleşen şäherler we ýerli dolandyryjy edaralar” (UCLG) atly halkara gurama goşulmagynyň meselesine seredilýär. Şolar bilen bir hatarda, paýtagtymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek hem-de durmuşyň dürli ugurlarynda göreldeli işlere şäheriň ýaşaýjylarynyň höwesini artdyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde Meýletinçiler merkezini döretmek mümkinçilikleri öwrenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde paýtagtymyzyň ýokary sepgitlere ýetmegine önjeýli goşant goşan raýatlaryň bir toparyny “Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda” Permana gol çekdi.

Milli Liderimiz “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň meseleleri hakyndaky” Karara hem gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamagynda Gurulýan desgalaryň direksiýasy döredildi.

Hormatly Prezidentimiziň Buýrugy bilen welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda 2021-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeler gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijisine 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy gowşurylar.

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak hem-de iki gatly täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek boýunça guralan dabaralara gatnaşdy.

Meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplum dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň iki ýüzden gowragyny öz içine alyp, ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün edilen tutuş şäher düzümini emele getirer.

Bu ýerde kaşaň, şol sanda has belent, ýagny 12 — 35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, 180 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär.

Köpugurly toplumyň keşbinde dünýä şähergurluşygynyň iň täze ugurlary hem-de milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri sazlaşykly utgaşdyrylmalydyr. Binalary ulanyş, şäher hojalygynyň dolandyryş düzümine iň täze tehnologiýalar hem-de sanly ulgamlar işjeň ornaşdyrylar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ak mermerli Aşgabat diňe bir owadan we ýaşamak üçin has oňaýly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwrebap uly şäher hem bolmalydyr.Munuň özi onuň ähli durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz işlemeginde hem-de daşky keşbinde öz beýanyny tapmalydyr.

Bu işleri amala aşyrmaga ýaş, döwrebap pikirlenmegi başarýan hünärmenleri, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplaryny işjeň çekmek zerurdyr.

Bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmäge girişmezden ozal Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleri seýsmik ýagdaýa jikme-jik seljerme geçirerler.

Bu giň gerimli işlere ýolbaşçylyk etjek gurluşyk kärhanasy döredilip, ol gurulmagy göz öňünde tutulýan binalary we desgalary ýokary hünärli işgärler bilen üpjün eder, dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýran häzirki döwründe olar üçin gurluşyk serişdelerini nireden almalydygyny anyklar. Olaryň özümizde öndürilmeýän görnüşlerini daşary ýurtlardan nädip getirmelidigini kesgitlär.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine täze guruljak şäheriň ilatyny, baglary, çüwdürimleri suw bilen üpjün etmegiň çeşmesini anyklamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz şu günki şanly waka mynasybetli geljekki nesillere niýetlenen ýadygärlik ýazga gol çekip, ony ýörite guta ýerleşdirdi. Asylly däbe görä, milli Liderimiz gutyny gurluşygyň binýadyna atyp, ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynyň ilkinji betonyny guýdy we oňa ak pata berdi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda ýokary amatlykly iki gatly täze kottejleriň 140-synyň açylyş dabarasy boldy.

Milli Liderimiz döwrüň talaplaryna laýyklykda gurlan hem-de abadanlaşdyrylan ýokary amatlykly kottejleri synlady. Döwlet Baştutanymyz olaryň birine baryp, jaý toýuny toýlaýanlar bilen söhbetdeş boldy, olaryň täze jaý hakyndaky pikirleri bilen gyzyklandy.

Milli Liderimiz öý eýelerini gutlap, olara sowgatlaryny gowşurdy hem-de täze öýde bagtly ýaşamaklaryny, maşgala abadançylygyny, berk jan saglyk we üstünlikleri arzuw etdi. Öý eýeleri hormatly Prezidentimize däp bolan toý düwünçegini gowşurdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli babatlarda adamlaryň mynasyp ýaşaýyş şertlerini üpjün etmegiň, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipesidigini nygtap, mundan beýläk-de ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli çäreleriň görüljekdigini belledi.

Paýtagtymyzyň 140 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde, Aşgabadyň durmuş-ykdysady ösüşine uly şahsy goşandyny goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, guramalaryň wekillerine hem-de döredijilik işgärlerine ýokary döwlet sylaglary gowşuryldy.

Goşa baýramyň hormatyna Aşgabadyň ýollaryna “Hyundai All New Super Aero Сity” kysymly täze awtobuslaryň hem-de “Toyota Сorolla” kysymly ýeňil taksileriň hem köp sanlysy çykdy.Döwlet Baştutanymyzyň ulag hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, olaryň uly toplumy satyn alyndy. Şol gün şäherde gatnawy ýerine ýetirýän ähli awtobuslar ýolagçylara mugt hyzmat etdi.

Munuň özi paýtagtymyzyň ilaty we onuň myhmanlary üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gazyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir” mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli Ählumumy “tegelek stoluň” başyndaky maslahata gatnaşdy. Onlaýn görnüşindäki maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş geçirdi.

Bu foruma birnäçe döwletleriň we hökümetleriň Baştutanlary, ministrler, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, seljeriş merkezleriniň bilermenleri, hususy pudagyň hem-de raýatlyk jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşdylar.Onuň baş maksady ählumumy, sebit hem-de milli derejelerde “2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini” durmuşa geçirmäge ýaramaz täsir edýän howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin anyk hereketleri we teklipleri kesgitlemekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşky gurşawa senagat galyndylarynyň zyňylmagy bilen emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli alada edýändigini hem-de bar bolan töwekgelçilikleri, wehimleri azaltmaga gönükdirilen halkara tagallalaryň ýygjam utgaşdyrylmagyna we ylalaşykly hereket edilmegine ygrarlydygyny belledi.

Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna gyşarnyksyz we ählumumy ygrarlylygyň bu ugruň möhüm şerti bolup durýandygyna ynanýaryn. Hut şol resminama asyrymyzyň ählumumy ekologiýa we tebigaty goraýyş gün tertibini kesgitlemäge, ony ýerine ýetirmek ugrunda halkara hukuk gurallarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Häzirki döwrüň çynlakaý ekologiýa wehimlerine garşy durmakda halkara tagallalaryň birleşdirilmegine we berkidilmegine üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, Türkmenistan birnäçe anyk hem-de gaýragoýulmasyz başlangyçlary teklip edýär.

Hususan-da, BMG-niň pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmek zerurdyr.

Ikinjiden bolsa, BMG-niň howandarlygynda energetikanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara “Ýol kartasyny” döretmek möhümdir.

Bu teklipleri öňe sürmek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň ýakyn wagtda bilermenleriň derejesinde olary durmuşa geçirmegiň ýollaryny we esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny nygtady.

Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan milli Lideriniň baştutanlygynda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny mälim etdi hem-de häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine deňeçer we öňdengörüjilikli çemeleşmeleri öňe sürdi.

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda köptaraply döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýy hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen, iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Nygtalyşy ýaly, ýurtlaryň ikisi hem möhüm umumy meseleleri bilelikde çözmekde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär, şol meseleleriň hatarynda, sebitde suw serişdelerini dolandyrmak hem-de ondan rejeli peýdalanmak wezipesi bar.

Taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň alyp barýan işlerini işjeňleşdirmegiň hem-de dürli derejede ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdiler.

Şu gün degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi, onuň jemleri boýunça iki möhüm resminama: Ýerden muzdly peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga goşmaça Ylalaşyga hem-de Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

26-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary bilen maslahat geçirdi. Onuň dowamynda milli Liderimiz alnyp barylýan işler bilen tanyşdy we bu düzümiň degişli guramaçylyk işleri bilen baglanyşykly wajyp wezipeleri kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz komitetleriň başlyklarynyň hasabatlaryny diňläp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar diýip belledi. Adamlaryň hukugyny goramak we oňa gulluk etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidir.

Milli Liderimiz bu düzümiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, şeýle hem ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda içeri we daşary syýasatymyzy, milli kanunçylygyň düzgünlerini wagyz etmäge gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalarynydyr meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga, şeýle hem wagyz-nesihat işlerini geçirmäge Halk Maslahatynyň agzalarynyň işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.

27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidinde kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrky sadakasyny berdi. Hatyra çäresi türkmen halkynyň köpasyrlyk däplerine laýyklykda geçirildi.

Sadaka gatnaşyjylar tagam dadansoňlar, döwlet Baştutanymyz adamlara kakasy baradaky käbir ýatlamalaryny gürrüň berdi.

Mähriban kyblamyň ömür ýoly meniň üçin durmuş mekdebi boldy. Ol her hili çykgynsyz, kyn ýagdaýdan hem aljyraman, baş alyp çykmagy başarýardy, ol örän işjanly we ruhubelent adamdy diýip, milli Liderimiz nygtady.

Mälikguly Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşykly harby bölümde, Medeniýet köşgünde ugurdaş çäreler geçirilip, onda Watanyň wepaly ogly, halkyna hyzmat etmegiň nusgasyny görkezen beýik ynsan hatyralandy.

Içeri işler ministrliginiň 1001-nji harby bölüminde “Ata Watana söýgi” atly maslahat geçirildi. Bu bölüm içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýär.

Ýurdumyzyň parlamentiniň iki palatasynyň hem wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, žurnalistleriň, medeniýet işgärleriniň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilen “Nusgalyk ömür — nesillere görelde” atly maslahat Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän Medeniýet köşgünde boldy.

Çykyş edenler Mälikguly aganyň Watanyň wepaly ogly bolandygyny bellediler.

Çäreleriň dowamynda milli Liderimiziň kakasynyň sözlerine döredilen aýdymlar ýaňlandy we goşgular okaldy, sahnalaşdyrylan edebi-sazly çykyş guraldy. Onda maşgala gymmatlyklarynyň we nesil terbiýesiniň oňyn däpleri açylyp görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-nji maýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçylary bilen sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda tomus möwsüminde Hazaryň kenarynda raýatlarymyzyň amatly we howpsuz dynç alşyny guramagyň meselelerine garaldy.

Deňiz ýakasyndaky dynç alyş merkezlerinde dynç almaga höwes bildirýänler üçin 2 müň 250-den gowrak ýollamanamalar hasaba alyndy. Şolaryň eýeleri welaýatlarda we paýtagtymyzda ýerleşýän ýörite bölümlerde COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymlary aldylar hem-de olara Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan degişli rugsatnamalar berildi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň “Seýrana” we “Hazyna” myhmanhanalarynda “Tiz kömek” nokady döredildi. Deňiz ýakasyndaky ähli myhmanhana toplumlarynda zerur derman serişdeleri bilen üpjün edilen dermanhanalaryň işi ýola goýuldy. Hyzmat edýän işgärler bellenilen tertibe laýyklykda, lukmançylyk gözegçiliginden geçdiler we sanjymlary aldylar. Hazaryň kenaryndaky syýahatçylyk zolagynda degişli zyýansyzlandyryş çäreleri dowam edýär.

Syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde barlag-geçiriş bölümleri hereket edýär.Dynç almaga gelýän raýatlar üçin myhmanhanalar tarapyndan ulag hyzmatlary göz öňünde tutuldy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň awtoduralgasynda COVID-19 ýokanjyny ekspres usuly bilen anyklamak ýola goýuldy.

Awaza etrabynyň saglyk merkezinde we Türkmenbaşy şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň barlaghanasynda Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) enjamy gurnaldy.Häzirki döwürde Türkmenbaşy şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şeýle enjamlaryň üçüsi hereket edýär.

Jemgyýetçilik tertibini, ýol hereketiniň düzgünlerini we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça degişli çäreler meýilleşdirildi hem-de suwda halas edijileriň gije-gündizleýin nobatçylygy ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazanyň çäklerinde halkymyz üçin doly derejeli dynç alşy, howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine ünsi çekip, Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçylaryna şu ýylyň 1-nji iýunyndan 1-nji sentýabryna çenli bolan dynç alyş döwründe bu ýerde alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy we bu künjegiň arassaçylyk ýagdaýyna hemişelik seljerişi alyp barmagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary Parlamentara bileleşigiň nobatdaky assambleýasyna gatnaşdylar. Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyk adamlaryň, hususan-da, ýaşlaryň hem-de zenanlaryň hukuklary meselelerine, şeýle hem halkara hyzmatdaşlyk, halkara syýasat we pandemiýa ýaly mowzuklara bagyşlandy.

Forumda birnäçe kararnamalar — “Tebigy heläkçilikler we olaryň netijeleri bilen baglanyşykly wehimlere hem-de gapma-garşylyklara garşy durmagyň çäklerinde, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça parlament strategiýasy” hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, jogapkärli sarp etmek we önümçilik ugrunda sanlylaşdyrmagy hem-de sirkulýar ykdysadyýeti ilerletmek kararnamalary kabul edildi.

Türkmen deputatlary sanly ulgam arkaly Sankt-Peterburg şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçirilen IX Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň wekilleri foruma gatnaşyjylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tebigaty goramak boýunça döwlet syýasatynyň, Türkmenistanyň suw diplomatiýasynyň möhüm ugurlary, milli, sebitleýin we halkara derejede amala aşyrylýan giň möçberli ekologiýa maksatnamalary we taslamalary bilen tanyşdyrdylar.

DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Meksiko ştatynyň Albukerke şäherinde 2021-nji ýylyň 25-nji maýynyň Doganlaşan Aşgabat şäheriniň güni” diýlip yglan edilendigi mynasybetli maslahat geçirildi.

Oňa ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Metýu Stiwen Klimow gatnaşdy.Edilen çykyşlarda paýtagtymyzyň şanly senesiniň hormatyna guralan çärelerde Aşgabadyň umumy ykrar edilen dostluk, doganlyk, myhmansöýerlik we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanýan merkezidigi nygtaldy.

Şol gün Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli 25-nji maýda ilkinji doglan çagalara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy hem-de olaryň maşgalalaryna bagtyýar durmuş, saglyk, abadançylyk baradaky hoşniýetli arzuwlar aýdyldy.

Çagalar Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezde dünýä indi. Bagtyýar ene-atalar döwlet Baştutanymyzyň teklibine laýyklykda, oglanjyga Aşgabat, gyzjagaza bolsa Merjen diýip at goýdular hem-de maşgala, enelige goldaw bermek boýunça döwlet syýasatyny alyp barýan milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

“Soňky jaň” dabaralary paýtagtymyzyň şanly senesi bilen bilelikde bellenildi. Asylly däbe görä, ir säher bilen mekdepleriň göreldeli uçurymlary, ökde okuwçylar, birnäçe bilim hem-de döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, köp sanly bilim işgärleri ýurdumyzyň täze taryhynyň we onuň nurana geljeginiň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular.

Agşamlyk Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada hem-de “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine milli Liderimiziň agtygy Kerimiň sazyna döredilen “Ak şäherim Aşgabat” atly aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlemesine öwrüldi. Bu aýdym halkymyzyň baky sazlaşykly ösüş ýoluna düşen paýtagtymyza ägirt uly söýgüsiniň senasy bolup ýaňlandy.

Soňra paýtagtymyzyň nurana asmanynda älemgoşar öwüşginli feýerwerk ajaýyp şekilleri emele getirdi. Dürli öwüşginli yşyklardan dörän “Aşgabat” we “140 ýyl” ýazgylary baýramçylygyň täsirini has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XX halkara köpugurly sergi geçirildi. Onda 90-dan gowrak gymmatlyklar, şol sanda dürli kompaniýalaryň önümleri görkezildi.

Giň möçberli sergi Diýarymyzyň baş şäheriniň şähergurluşyk, dolandyryş ulgamy, inženerçilik ugurlary, üpjünçilik, ulag we aragatnaşyk, senagat, durmuş düzümi, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, enjamlar we jemagat hojalygy tehnikalary, ekologiýa hem-de abadanlaşdyryş ugurlarynda ýeten derejesini we geljekki ösüş meýilnamalaryny giňden beýan etdi.

Türkmen halysynyň baýramy geçen hepdedäki wakalaryň jemini jemledi. Bu sene mynasybetli tutuş Diýarymyzda dabaraly duşuşyklar, sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler guraldy.

Esasy çäreler Aşgabatda geçirildi. Şolaryň hatarynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisi, “Gözellik nusgasy — türkmen halysy” atly halkara maslahat we pudaklaýyn sergi bar.

Türkmen halysynyň milli muzeýinde önümçiligiň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary, birkemsiz we yhlasly zähmetleri hem-de hünär ussatlyklary nazara alnyp, halyçylaryň birnäçesine “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly at dakyldy.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary köpöwüşginli we baý boldy. Şolarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy esasy ugur edinýän syýasaty öz beýanyny tapdy.

Taryhy tejribe, türkmen halkynyň baý medeni mirasyna esaslanýan hem-de dünýä medeniýetiniň häzirki döwürde ýeten derejesi, açyşlary bilen baýlaşdyrylan bu syýasat Diýarymyzyň we onuň milli Lideriniň halkara derejedäki abraýynyň belende galmagyny üpjün edýär.

(TDH)

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30194?type=feed

Ýene degişli makalalar

Adam serişdelerini dolandyrmak boýunça onlaýn okuw geçildi
Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 5,55 milliard dollar boldy
Dünýäniň iň bäsdeş ykdysadyýetleri
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 5,55 milliard dollar boldy
Eýran Türkmenistana nebitden daşary 313 müň tonna haryt eksport etdi