Milli Liderimiziň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy

Milli Liderimiziň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy

Düýn 27-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmak babatda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyna ünsi çekdi. Munuň özi koreýaly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny açýar.

Hyundai Engineering Co., Ltd kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Hoň Hýon Soň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyza Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň we Türkmen-koreý dostluk toparynyň koreý tarapynyň ýolbaşçysynyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Koreýaly işewür toparlaryň wekilleri dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi we bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin berk binýadyň döredilendigini belläp, durnukly ösüş ýoly bilen öňe barýan, ägirt uly ykdysady kuwwaty bolan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-koreý işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň işewürleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna sapary tamamlandy
Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Daewoo koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda jemi $11 milliardlyk taslama amala aşyrylýar